«Patyşa we onuň adamlary Iýerusalime, ýurdy mesgen tutan Ýebusylara garşy söweşmek üçin ýörediler.» (2 Samuel 5:6) Ýebusylar ýurduň merkezinde henizem bir berkitmäni saklaýardylar, hiç haçan ýerinden gozgalmandylar. Her bir mesihçi jemgyýetinde, şeýle hem her bir mesihçi ýüreginde «Ýebusylar» bar. Mysal üçin, dünýewilik bar, onuň Ýebusylary her ýerde bar.
Bir jemgyýetiň ortasynda, owadan mesihçi öýleri, ybadathanalary we kämilleşmeleri öz içine alýan, bir ygtyýarly içgi salonytapylýar. Ol şeýle bir berk ornaşandyr welin, ony ýerinden gozgamak mümkin däl ýaly görünýär. Şeýle erbetligiň başga-da köp galalary bar, olar öz tekepbir diňlerini galdyryp, ýeňişe garşy durýarlar.
Her bir ýürekdekiçijik «Ýebusy berkitmeleri» bar, olary ýeňmek bize mümkin däl ýaly görünýär. Käwagt ol, durmuşyň umumy mukaddesliginiň arasynda, ýeňilmedik ýagdaýda ýaşaýan gizlin günädir.
Käwagt ol köne tebigatyň galyndysydyr — mysal üçin tekepbirlik, dünýewilik, öz-özüňi söýmek, höwes ýa-da gahar.
«Biziň ählimiziň kemçiliklerimiz bar!» diýýäris, we bu «ýapynjanyň» aşagynda — biz goýbermek islemeýän köp sanly eziz butlarymyzy gizlemegi başarýarys!
Biz durmuşymyzyň bu boýun egmedik böleklerine üns bermelidiris — her bir pikir, duýgy we häsiýet Mesihe boýun egdirilmelidir. Ýüregimizde şeýle bir ýeňilmedik berkitmäni galdyrmak howpludyr.
Biz her bir pikiri Mesihe boýun egdirmek üçin ýesir alýarys! (2 Korinfliler 10:5)





