Bu Adam günäkärleri kabul edýär
Fariseýler we kanunçylar bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär we olar bilen iýýär» diýip, hüňňürdeşip başladylar. Luka 15:2
«Bu adam günäkärleri kabul edýär»
Nähili ajaýyp merhemet!
Ol bizi halas etmäge geldi,
Biziň ýerimize öldi.
«Bu adam günäkärleri kabul edýär»
Günämizi bagyşlaýar,
Ýüregimizi üýtgedýär
Şeýdip, içimizden mukaddes bolarys.
«Bu adam günäkärleri kabul edýär»
Bizi Öz ruhanylary edýär,
Şeýdip, biz gatnaşyp bileris
Gökdäki toýlara.
«Bu adam günäkärleri kabul edýär»
Şol sanda seni hem;
Eger sen toba etseň,
Ol seniň bilen hem iýer.