Geçip barýan ýaş ýigit Nýu-Hempşirde gezelenç edip, Nýu-Englendyň meşhur daş diwarlarynyň birini bejerýän daýhanyň ýanynda dynç almak üçin saklandy. Gürleşip durkalar, ol daýhana diwardaky deşigi ýapmak üçin birnäçe uly daşy goýmaga kömek etdi. Soňra ol diwar guraýjynyň uly daşlaryň arasyndaky her bir boşluga berk ýerleşjek kiçi daşlary tapmak üçin daşlaryň üýşmegini ünsli saýlaýşyna seretdi. Bu iş ýaş gezelenç edijini şeýle sorag bermäge iterdi: “Näme üçin her bir kiçijik boşlugy şol kiçi daşlar bilen doldurmaly? Uly daşlar işi bitirmäge ýeterlik dälmi? Ahyrsoňy, deşik ýapyldy ahyry, şeýle dälmi?”
Daýhanyň jogaby şeýle boldy: “Elbetde, uly daşlar boşlugy ýapar – häzirlikçe. Emma olary goldaýan kiçi daşlar bolmasa, uly daşlar tizden ýykylyp, diwaryň başga bir bölegini hem özleri bilen alyp giderdi. Onda biz öňküsindenem erbet ýagdaýa düşerdik. Şol kiçi daşlar ululygy boýunça kän bir uly görünmese-de, olar uly daşlary has berk ýerinde saklamak üçin möhüm iş edýärler.”
Men bu hekaýany eşidende, Petrusyň mesihçileri bu diwardaky daşlara meňzedendigini ýatladym: “Siz hem diri daşlar ýaly, ruhy öýe gurulýarsyňyz” (1 Petrus 2:5 IMB). Käbirleri uly, käbirleri kiçi, ýöne hiç biri ähmiýetsiz däl. Biziň gymmatymyz tötänleýin geçip barýanyň tejribesiz gözleri bilen däl-de, eýsem, ruhy öý gurmak prosesinde nämäniň we nirede gerekdigini bilýän Baş Guraýjynyň ussatlyk bilen ýerleşdirişi bilen kesgitlenýär.
Siz möhüm iş edýän uly “diri daşmy”? Bu meňzetme, siziň daş-töweregiňizdäki ähli kiçi daşlar sizi goldap, doga-dileg, ruhlandyrma, maddy goldaw we beýleki kömekler bilen saklamasa, tiz ýykylyp biljekdigiňizi aňladýar. Ýatda saklaň, Hudaýyň gözünde her bir diri daş möhümdir.





