«Dünýädäki özüniňkileri söýüp, Ol olary soňuna çenli söýdi» (Ýahýa 13:1). Ýönekeý, şertsiz «Özüniňkiler» jümlesi köp zady aňladýar. Ynsan ýüregi özüniňki diýip bilýän bir zadyna eýe bolmakdan aýratyn şatlyk duýýar. Bu eýe bolan zadyň gymmaty däl-de, onuň meniňkidiginiň ýönekeý düşünjesidir. Hut şeýlelik bilen, Reb biziň hakymyzda gürleýär. Ol sizi ne özüňiz bilen, ne-de Onuň hakdaky gowşak bahaňyz bilen meşgul etmez, eýsem Onuň siziň hakdaky bahasy bilen meşgul eder.
Siz öň nähilidigiňiz hakda pikir etmezden, dolylygyna Öz içindäki çeşmesinden gürleýän we hereket edýän bu ylahy söýgä taýýarmyňyz? Ol sizi dowzahdan halas etmek üçin diňe rehimdarlyk we duýgudaşlyk bilen ölmedi, eýsem size bolan söýgüsinden öldi. Indi Ol sizi Özüniňki diýip atlandyrýar!
Biz Onuň söýgüsiniň sebäbini hiç haçan gözlemeli däl, eýsem onuň sebäbiniň şol söýgüniň özünde tapylýandygyna kaýyl bolmaly. Biz diňe Onuňkydygymyzy ykrar etmeli! Ol «soňuna çenli» söýýär — dünýädäki ýolumyzyň soňuna çenli! Ol biziň her bir ädimimizde boljak ýalňyşlyklary bilýär; Ol biziň ýüreklerimiziň sowuklygyny, imansyzlygyny we dönükligini bilýär, ýöne Ol bizi soňuna çenli söýýär!
Onuňky ýaly synagdan geçen söýgi boldumy? Eý, biziň oňa salýan iň agyr basyşlarymyza nähili döz gelýär. Ol bizi Öz söýgüsinden lezzet alyp, Öz ýanynda görmegi halaýar. Ol biziň şol ýerde bolmagymyz üçin öldi — we indi biziň oňa päsgelçiliksiz lezzet almagymyz üçin ýaşaýar.
Ol şeýle uly bahadan alan zadyny aňsatlyk bilen goýbermez. Onuň söýgüsiniň maksady indi Ol ýok wagtynda biziň ýüreklerimizi Özüne baglamakdyr. Çünki, dünýädäki Özüniňkileri söýüp, Ol olary soňuna çenli söýýär.




