Hytaýda Taýşan atly mukaddes dag bar. Köp ýyllar bäri zyýaratçylar onuň 7000 basgançagyny ýokary çykýardylar. Ilki bilen, olar "orta derwezeden", soňra "asman günorta derwezesinden" geçip, Hytaýdaky iň owadan binalaryň birine ýetýärdiler. Oňa "Mawy Bulut Ybadathanasy" diýilýärdi. Bu ýerde adamlar gurbanlyk edip, Hudaýa ýetmegi umyt edýärdiler.
Emma, gynansak-da! Adamlar ilkinji ädimlerini äden wagtyndakydan Hudaýa has ýakyn däldiler! Adam Hudaýa ÝOKARY çykyp ýetmäge synanyşýar, ýöne Hristiançylygyň habary, Hudaýyň Öz Ogly, Reb Isa şahsyýetinde aşak düşüp, bizi günälerimizden halas etmek üçin gelendigidir.
Hudaý iň beýik dagyň depesinden has ýokarda, günäkär adamyň ýetmegi üçin gaty uzakda, şonuň üçin diňe Hudaýyň Özü biziň aramyzdaky uly boşlugy dolduryp biljekdi. Reb Isanyň dogluşynyň uly gudraty bilen Ol adam boldy we biziň üçin Golgota haçynda öldi.
Biz Hudaýa çykyp bilmeýäris, ýöne Ol bize gelip biler!
"Mesih Isa dünýä günäkärleri halas etmek üçin geldi" (1 Timoteos 1:15). "Eger sen agzyň bilen Reb Isany ykrar etseň we ýüregiňde Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ynanýan bolsaň, sen HALAS bolarsyň" (Rimliler 10:9). Öz ýoluň bilen Hudaýa ýetmäge synanyşmagy dowam etme, çünki ol seni hiç ýere eltmäz. Ynam bilen şol ädimi ät we Isany ynam bilen ýüregiňe kabul et.






