Şonda men diýdim: «Waý meniň halyma, men heläk boldum, sebäbi men arassa däl dodakly adam we arassa däl dodakly halkyň arasynda ýaşaýaryn, we sebäbi meniň gözlerim Patyşany, Goşunlaryň Rebini gördi.» (Işaýa 6:5)
Hudaýa ýokary garaýyş günä barada aýdyň garaýyş we özüňe realistik garaýyş getirýär. Hudaýa pes garaýyş günä barada az alada we özüňe ýokary garaýyş getirýär. Işaýa Rebbi Onuň aýdyp bolmajak şöhratynda görene çenli öz şahsy mukaddesligi bilen kanagatlanan bolup bilerdi. Işaýanyň mukaddes Hudaý bilen duşuşygy ony derrew we aýdyňlyk bilen özüniň mukaddes däldigine we töweregindäkileriň günäkärligine düşündirdi. Hudaýa sežde etmek we üýtgewsiz galmak mümkin däl. Hakykatdan-da sežde edenligimiziň iň gowy görkezijisi üýtgän ýürekdir.
Biz özümizi günäkär dünýä şeýle bir uýgunlaşdyrdykmy, mukaddes däl ýaşaýyş bilen kanagatlanýarysmy? Biz Hudaýyň ölçeginden şeýle bir aşak düşdükmi, kimdir biri Hudaýyň niýet edişi ýaly ýaşaýanda, biz ol adamy «aşa ruhy» hasaplaýarysmy? Eger biz öz şahsy mukaddesligimizi diňe töweregimizdäkiler bilen deňeşdirsek, biz mukaddes ýaşaýyş sürýändigimize ynanyp aldanyp bileris. Emma mukaddes Hudaý bilen duşuşanymyzda, biziň ýeke-täk jogabymyz «Waý meniň halyma!» bolup biler.
Siz töweregiňizdäkileriň Isanyň yzyna düşýändigini görmersiňiz, olar siziň bilen dünýäniň galanynyň arasynda aýdyň tapawudy ykrar edýänçäler. Hudaý sizi Özüniň mukaddes bolşy ýaly mukaddes etmek isleýär. Hudaý siziň bilen iş salyşanda, siziň durmuşyňyzda dünýäniň öndürip biljek zadynyň ählisinden düýpgöter tapawutlanýan radikal arassalyk derejesi bolar. Dünýä, şol sanda size iň ýakyn adamlar hem, siziň mukaddes Hudaýa gulluk edýändigiňize siziň mukaddes ýaşaýşyňyz bilen ynanarlar.
HB.RB.





