Siz nämeden gorkýarsyňyz? Kesellemekdenmi? Işiňizi ýitirmekdenmi? Mekdepde şowsuzlykdanmy? Talanmakdanmy? Ölmekdenmi?
Durmuş bizi gorkuzýan ýaman zatlar bilen doly. Mukaddes Kitap olaryň adamyň günäsi we pitnesi netijesinde dünýäde bardygyny aýdýar (Gelip çykyş 3:10-19; Rimliler 5:12).
Eşitdiňizmi Hudaýyň siziň gorkmagyňyzy islemeýändigini? Onuň Sözi, Mukaddes Kitap, şeýle diýýär: “Gorkmaň” (Ýahýa 14:27 NIV).
Eşitdiňizmi Onuň biziň gorkuda ýaşamagymyzy islemeýändigini? Mukaddes Kitap şeýle diýýär: “Hudaý söýgüdir... Söýgüde gorky ýokdur... kämil söýgi gorkyny kowýar” (1 Ýahýa 4:18).
Eşitdiňizmi Hudaýyň durmuşdaky ýaman zatlardan hem gowy zatlar çykaryp bilýändigini? “Hudaý ähli zatlarda Ony söýýänleriň haýryna işleýär” (Rimliler 8:28).
Hudaý bularyň hemmesini nädip edýär? Öz Ogly, Isa Mesih, biziň Halasgärimiz arkaly. Näme üçin? Çünki Ol bizi söýýär: “Hudaý dünýäni şeýle söýdi, Ol Öz ýeke-täk Ogluny berdi, Oňa ynanýan her kim heläk bolmaz, eýsem ebedi ýaşaýşa eýe bolar” (Ýahýa 3:16).
Isa siziň Halasgäriňiz bolanda, siz gorkuda ýaşamagy we gorkmagy bes edip bilersiňiz. Onsuz, siziň gorkmak üçin ähli sebäbiňiz bar – ähli zatdan, şol sanda ölümden we ondan soň geljek zatlardan.
Mukaddes Kitap şeýle diýýär “adam bir gezek ölmäge, ondan soň höküm edilmäge niýetlenendir.” Ýöne ol şeýle hem aýdýar “Hudaý Öz söýgüsini bize şeýle görkezýär: biz henizem günäkärkäk, Mesih biziň üçin öldi” (Ýewreýler 9:27; Rimliler 5:8).
Gorkmagy bes etmek isleýärsiňizmi? Gorkularyňyzdan dynmak isleýärsiňizmi? Hudaýyň durmuşyňyzdaky ýaman zatlaryň hakykatdanam gowy bolmagyny isleýärsiňizmi? Isadan durmuşyňyzy dolandyrmagy soraň, we siz Onuň söýgüsiniň güýjüni açarsyňyz. Biz size nädip etmelidigini aýdyp bileris.





