«Bugdaý däneleri ýere düşüp ölmezden, ýeke galýar» (Ýahýa 12:24)Biziň dünýäniň ýaşaýşy üçin özümizi bermegimiz zerur… Miwe bermek haç götermegi aňladýar. «Bugdaý däneleri ýere düşüp ölmezden, ýeke galýar.»
Biz Reb Isanyň nähili miweli bolandygyny bilýäris – diňe haçyny götermek bilen däl, eýsem onuň üstünde ölmek bilen. Biz Onuň bilen bu babatda nähili gatnaşykdadyrys?
Iki sany Mesih ýok – ýeňil-ýelpi mesihçiler üçin ýeňil-ýelpi Mesih we aýratyn imanlylar üçin ejir çekýän, zähmet çekýän Mesih. Diňe bir Mesih bar.Biz Oňa tabyn bolmaga we şeýlelik bilen miwe bermäge taýýarmy?





