XX asyryň başynda Pompeýiň harabalyklarynyň golaýynda gyzykly açyş edildi. Pompeý 79-njy ýylda Wezuwiý dagy atylanda 23 metr wulkan külüniň aşagynda galan butparaz şäherdi. Gazyjy işçiler gömülen şäheriň daşynda iki eli doly şaý-sepleri bolan bir aýalyň daşa öwrülen jesedini tapdylar. Şaý-sepler aýalyň jesedi tarapyndan külden goralyp, doly saklanyp galypdy. Olaryň arasynda bilezikler, monjuklar, ýüzükler we gulakhalkalar bardy. 2007-2008-nji ýyllarda bu şaý-sepler we Pompeýiň harabalyklaryndan tapylan beýleki gymmatly zatlar ABŞ-daky sekiz muzeýde sergilener.
Gymmatly şaý-seplerini halas etmäge synanyşyp heläk bolan bu aýal, häzirki wagtda dünýäde ýer ýüzündäki emläkleri ýygnaýan millionlarça adama meňzeýär. Olaryň maksady barha köp zat ýygnamak, emma Hudaýyň Isa Mesihde bize hödürleýän ebedi baýlyklary ünsden düşürilýär.
Olar nähili gutarar?
Bir gün Wezuwiý dagynyň atylmagyndan has uly betbagtçylyk bütin dünýäni gurşap alar. Oňa «Rebbiň güni» diýilýär, şonda ret edilen Mesih dünýäni höküm etmek üçin gaýdyp geler (2 Petrus 3:10). Zebaniýa pygamber «Rebbiň gazap gününde» şeýle diýdi:
«Olary ne kümüşleri, ne-de altynlar halas edip biler» (Zebaniýa 1:18).
Pompeýli aýal ýaly, diňe ýer ýüzündäki baýlyklary ýygnaýanlar – Mesihde olaryň bolup biljek «aşa baýlyklaryny» (Efesliler 2:7) ünsden düşürip – heläk bolar we ähli zadyny ýitirer. Isa şeýle diýdi:
«Adam bütin dünýäni gazansa-da, öz janyny ýitirse, näme peýdasy bar?» (Mark 8:36).
Şu gün ynamyňy şoňa goý, kim
«Ol baý bolsa-da, siziň üçin garyp boldy, şonda siz ... baý bolarsyňyz» (2 Korinfliler 8:9).
Mesihdäki baýlyklaryňyz, özüňiz bilen alyp gidip, ebedilik lezzet alyp biljek ýeke-täk baýlyklaryňyzdyr. Biz size nähili edip biljekdigiňizi görkezip bileris!





