Hudaýyň isripçiligi
Görüp biljegimizden has köp asman Ýüzüp biljegimizden has köp deňiz Seretmegimizden has köp Gün Hasaplap biljegimizden has köp ýyldyz Dem alyp biljegimizden has köp dem Ekip biljegimizden has köp hasyl Düşünip biljegimizden has köp merhemet Bilip biljegimizden has köp söýgi
Awtor näbelli
«Kim Hudaýa bir zat beripdir welin,
- Ol hem oňa öwezini gaýtarjak bolsun?»*
Eýýup 41:11
Doksologiýa
«Eý, Hudaýyň baýlygynyň, akyldarlygynyň we biliminiň çuňlugy! Onuň hökümleri nähili düşnüksiz, ýollary nähili tapylmaz! ... Çünki ähli zat Ondan, Onuň arkaly we Oňa degişlidir. Şöhrat Oňa ebedi bolsun! Amin.»
Rimliler 11:33,36
«Rebbiň pikirini kim bilipdir?
- Ýa-da kim Onuň maslahatçysy bolupdyr?»*
Işaýa 40:13


