SORAG: Mukaddes Kitap näme üçin Köne we Täze Ähtlerden ybarat? Täze Äht has möhüm dälmi?
*JOGAP:*Mukaddes Kitap Hudaýyň Sözi, Hudaýyň Özüni adama nädip açyp görkezendiginiň ylhamlanan ýazgysydyr. Hudaý adamzat taryhynyň dürli döwürlerinde adamzat bilen dürli ýollar bilen gatnaşyk etdi. Mukaddes Kitapda we adamzat taryhynda Mesih merkezdir, Hudaýyň Özüni adama açyp görkezmeginiň esasy nokadydyr. Onuň ret edilmegi, ölümi, direlişi we şöhratlandyrylmagy Hudaýyň adam bilen gatnaşyklarynda aýratyn bir öwrülişik nokadyny görkezýär.
Köne Äht Mesihiň gelmegine garaşýar. Ýaradylyşdan başlap, Hudaýyň şahsyýetler bilen, soňra bolsa Ysraýyl atly ýer ýüzündäki millet bilen gatnaşyklaryna çenli, Hudaý bize Mesihe tarap yzygiderli görkezýän köp sanly suratlar we pygamberlikler berýär. Şol bir wagtyň özünde, gaýtalanýan mysallary ulanyp, Hudaý adamyň günäkärligini we Halasgäre bolan zerurlygyny aýdyň suratlandyrýar.
Täze Äht bize bu wada berlen Halasgäri görkezýär: Hudaýyň Öz Ogly şahsyýet hökmünde dünýämize geldi. Hudaýyň ýer ýüzündäki halky Ysraýyl Ony ret edip, haça çüýläninde, Hudaý düýbünden täze bir zady, ýagny Ybadathanany döretdi – bu dünýäniň düýbi tutulmazdan ozal Onuň ylahy maksatlarynda bardy. Täze Ähtiň köp bölegi Köne Ähtde agzalmadyk syr bolan bu meseläni öňümize getirýär. Ysraýyldan, ýer ýüzündäki halkdan tapawutlylykda, Ybadathana Hudaýyň gökdäki halkydyr, häzir bolsa henizem ýer ýüzünde. Onuň ägirt uly artykmaçlyklary we açyk görkezmeleri, bu gökdäki halkyň Başy ret edilen we henizem ret edilýän ýer ýüzünde nädip ýaşamaly bolşy Täze Ähtiň möhüm bölegidir.
Iki Äht bir bitewi bütewiligi emele getirýär. Köne Äht Täze Ähtiň üstünde gurulýan binýady goýýar. Biri beýlekisiz doly däldir. Olar biri-birine baglydyr. Biz zatlara öz garaýşymyzdan seretmäge meýilli bolanymyz üçin we Täze Äht esasan biziň ýaşaýan döwrümiz bilen baglanyşykly bolany üçin, biziň adamçylyk meýlimiz Täze Ähti Köne Ähtden has möhüm hasaplamakdyr. Kimdir birine Hoş Habary gürrüň berenimizde, adatça Täze Ähtden başlaýarys, sebäbi ol Mesihiň işini bize bir gün Hudaýyň biziň üçin amala aşyrmagyna garaşýan zadymyz hökmünde däl-de, eýsem yzyna seredip bilýän anyk tamamlanan iş hökmünde görkezýär. Kimdir birini Rebbiň ýanyna getirmek üçin Täze Äht adatça ýeterlikdir.
Emma bir mesihçiniň ruhy ösüşi, eger ol diňe Täze Ähtde wagt geçirip, Köne Ähti äsgermezlik etse, gaty kynlaşar. Hudaý biziň “Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihde merhemetde we bilimde ösmegimizi” isleýär (2 Pet. 3:18). Pawlus “Mesih Isada iman arkaly halas bolmak üçin seni akyldar edip bilýän Mukaddes Ýazgylar” barada gürrüň berende, ol aýratynlykda Köne Ähti göz öňünde tutýar, sebäbi Timoteý oglanjykka Täze Äht heniz ýazylmandy. Emma ol şondan soň derrew bize “Ähli Ýazgylar” (Köne we Täze Ähtler) “Hudaýyň ylhamy bilen berilendir we taglymat üçin, käýinç üçin, düzediş üçin, dogrulykda terbiýe üçin peýdalydyr, şonda Hudaýyň adamy kämil bolar, her bir gowy iş üçin doly taýýarlanan bolar” (2 Tim. 3:15-17) diýip aýdýar.
Reb Isa Köne Ähti gaty gymmat saýdy. On iki ýaşly oglanjykka, Onuň üçin kakasynyň işi, uly ýaşly adamlaryň onuň taglymatlaryny çynlakaý ara alyp maslahatlaşýan ýerinde bolmakdy (Luka 2:46-49). Ol Şeýtana “Ýazylgydyr” diýip, synagçy Ony synan her gezek ondan sitata getirdi. Täze Ähtiň ýazyjylarynyň hemmesi Köne Äht bilen ýakyndan tanyşdylar we ýüzlerçe gezek oňa salgylandylar ýa-da ondan sitata getirdiler. Reb bize Köne we Täze Ähtleri gymmat saýmaga we olar bilen tanyşmaga kömek etsin.
Jogap beren: Ýewgeniý P. Wedder, Jr.
