Sežde edýän ýürekler
“We olar Oňa sežde etdiler” (Luka 24:52). Olar başgaça edip bilermidiler? Olar deňsiz-taýsyz bir ýaşaýşa şaýat bolupdylar. Olaryň gözleriniň öňünde Ol birnäçe balyk we birneme çörek alyp, aç köpçüligi doýrupdy. Ol tupanlary Öz ygtyýarly “Parahatlyk, durn!” diýen sözi bilen köşeşdirende, olar Onuň bilen birlikde bolupdylar. Olar haýran galyp, näsaglaryň sagaldylýandygyny, körleriň gözleriniň açylýandygyny, agsaklaryň ýöräp başlaýandygyny – hatda ölüleriň direldilýändigini synlapdylar.
Ol haça çüýlenipdi, ýöne hiç hili nägilelik sözüni aýtmady. Gaýtam, Onuň dogasy: “Ata, olary bagyşla; çünki olar näme edýändiklerini bilmeýärler” (Luka 23:34) bolupdy. Ol haçda asylgy durka, günä üçin gurban bolup, üç sagat garaňkylygy başdan geçirdi. Olar Onuň jesediniň goýlan ýerine baryp gördüler. Onuň ölümi gaty adalatsyz ýaly görünýärdi.
Soňra ynanmak kyn waka boldy. Ol olara ýene-de göründi. Olar Onuň ellerindäki we aýaklaryndaky ýaralary gördüler we Onuň ynandyryjy sözlerini eşitdiler: “Parahatlyk size bolsun” (Luka 24:36). Olar Onuň diridigine şübhesiz bildiler.
Betaniýa depesinde Ol çüýlenen ellerini galdyryp, olara pata beripdi. Olar haýran galyp, Onuň gözleriniň öňünde asmana göterilendigini synladylar – we olar Oňa sežde etdiler. Paradoks şeýle: Ol olary terk edipdi, ýöne Ol olaryň bilendi. Ol Atanyň sag eline gitse-de, olar Onuň wadasyny bilýärdiler: Ol olar bilen hemişe bolar.
“We olar Oňa sežde etdiler.” Biz başgaça edip bilermidris? Ol biziň Halasgärimiz, biziň Rebbimiz we biziň Hudaýymyz. Onuň günäsiz ýaşaýşyny we günäni ýuwýan ölümine seredenimizde, biz hem Ony söýýäris. Biz Onuň günä we ölüm üstündäki beýik ýeňşine begenýäris. Birwagt Ol bizden aýrylyşdy, ýöne biz çörek we şerap paýlaşanymyzda – Onuň azabynyň ýadygärlikleri hökmünde Ony ýatlaýarys. Gadymy şägirtler ýaly biz hem Oňa sežde edýäris, tä Ol bizi gökdäki öýümize alyp gitmek üçin ýene gelýänçä. Ol ýerde biz Rebbimize, Hudaýyň Guzusyna, ebedilik sežde ederis.


