Garaýyş bilen göreşmek
Göreş ýaryşynyň soňky döwründe ol tizligini, soňra güýjüni ýitirdi. Bir minutda ol 15-5 hasabynda ýeňýärdi. Indiki minutda ol ýere ýapyşdyryldy. Gahary gelip, ol göni geýim çalşyrylýan otaga gitdi. Men ony köşeşdirmek umydy bilen yzyna düşdüm. Men bu göreşçi bilen tanyşdym, sebäbi ol ýetginjekleriň Mukaddes Kitap okuwyna gelipdi. Onda çagalaryň «garaýyş meselesi» diýýän zady bardy. Ol öz islegi boýunça ederdi – döwlet finalyna ýetmek bolsun, ýa-da jennete.
Onuň käbir topdaşlary oňa Isa Mesihi Halasgär hökmünde kabul etmän jennete baryp bilmejekdigini aýtdylar. Onuň tälimçisi oňa Mesihsiz Mukaddes Kitapda beýan edilen ruhy göreş ýaryşynda hiç haçan ýeňip bilmejekdigini aýtdy:
Biziň göreşimiz et we gana garşy däl, eýsem hökümdarlara ... häkimiýetlere ... bu garaňky dünýäniň güýçlerine we göklerdäki ýaman ruhy güýçlere garşydyr (Efesliler 6:12 NIV).
Bir göreşçi hatda oňa günä we ölümden ýeke-täk ýeňişimiziň Isa Mesihdigini aýtdy (1 Korinfliler 15:54-57). Ol halas bolmak habaryny diňledimi? Ol eşidenine görä hereket etdimi? Men oňa sorap bilmedim. Men geýim çalşyrylýan otaga girenimde, ol meniň gujagyma ýykyldy, beýni gan akmasy sebäpli koma düşdi we ertesi gün aradan çykdy.
Durmuşyň söweşleri bilen ýeke özüňiz göreşýärsiňizmi? Günäni ýeňip, jennete ýeke özüňiz baryp biljekdigiňizi pikir edýärsiňizmi? Bu göreşçi başarmady we siz hem başaryp bilmersiňiz. Onuň topdaşlary oňa duşmany ýeňip biljek ýeke-täk hereketi – Mesihe tarap hereketi görkezdiler. Ol şol hereketi etdimi? Biz hiç haçan bilmeris.
Ýöne siz näme? Çuňňurda, siz günä bilen göreş ýaryşynda ýeňilýändigiňizi bilýärsiňiz. Şol ýeňlişiň gutarnykly netijesiniň Hudaýdan ebedi aýralykdygyny bilýärsiňizmi? Gijikmänkäňiz Isany Halasgär hökmünde kabul edersiňizmi? Biz size nädip edip bolýandygyny görkezip bileris!





