Maňa beren şöhratyňy olara berdim. Biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun.
Ýohanna 17:22
Gündelik Ýagtylyk

Maňa beren şöhratyňy olara berdim. Biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun.
Ýohanna 17:22
Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy. Onuň ýokarsynda seraflar durdy; hersiniň alty ganaty bardy. Olar ganatlarynyň ikisi bilen ýüzlerini, beýleki ikisi bilen aýaklaryny büreýärdiler, galan ikisi bilen-de uçýardylar. Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».
Işaýa 6:1–3
Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bu sözleri Ol hakda aýdypdyr.
Ýohanna 12:41
Gümmeziň depesinde ýakut görnüşli tagtyň keşbi bardy; tagtyň keşbiniň üstünde ynsan görnüşinde bir keşp bardy.
Ezekiýel 1:26
Daş-töwerekdäki şöhläniň görnüşi ýagyşly gün bulutda peýda bolan älemgoşar kimindi. Bu Rebbiň şöhratynyň görnüşiniň keşbidi. Men muny gören badyma ýüzin ýykyldym we kimdir biriniň gepleýän sesini eşitdim.
Ezekiýel 1:28
Musa: «Ýalbarýan, maňa şöhratyňy görkezäý» diýdi.
Müsürden çykyş 33:18
Ýöne sen Meniň ýüzümi görmeli dälsiň, çünki Meni gören kişi diri galmaz» diýdi.
Müsürden çykyş 33:20
Hudaýy hiç kim asla gören däldir. Bize Ony Atasynyň gujagyndaky, Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly tanatdy.
Ýohanna 1:18
Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy.
2 Korintoslylar 4:6
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
26 noý 2023
Işaýa 62:4
25 noý 2023
Rimliler 6:18
24 noý 2023
Luka 8:21
23 noý 2023
Süleýmanyň pähimleri 1:33
22 noý 2023
Ýahuda 20
21 noý 2023
Ýohanna 6:37
20 noý 2023
Mika 7:8

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ikiýüzlülik
Ikiýüzlülikiň tebigatyny, onuň günä bilen baglanyşygyny we adamlary Hudaýdan nädip daşlaşdyrýandygyny…
Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Şägirtlik
Bu makala, Hudaýyň "hakyky ynsan" bolmak baradaky düşünjesini, öz nesline kiçigöwünlilik bilen hyzmat etmäge…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…

Ikiýüzlülik
Ikiýüzlülikiň tebigatyny, onuň günä bilen baglanyşygyny we adamlary Hudaýdan nädip daşlaşdyrýandygyny…

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Halasgärlik
Bir oglanjyk ejesiniň ary çakmagy bilen Isanyň orunbasar tölegi barada öwrenýär.
Halasgärlik
Halas bolmagyň ýönekeý ABC-lerini açyň. Günä baradaky hakykaty kabul etmegi, Isa Mesihe ynanmagy we ebedi…