Umyt bar

Göz aýla

  • Kitaplar
  • Makalalar
  • Senenamalar
  • Sözlük

Habarlaşmak

  • Barada
  • Habarlaşmak

Ädim ät

  • Hudaýy bilmek
  • Injili okaň

Şu günki okumany e-poçta bilen alyň

© 2026 Umyt bar. Mugt hristian kitaphanasy. Köp makalalar gaýtadan çap edildi; rugsatlar çeşmä görä üýtgeýär.

Umyt bar
  • Makalalar
  • Senenamalar
  • Sözlük
Hudaýy tanamakGiriş
Umyt bar
Umyt bar
Senenamalar

22 noýabr 2023 çarşenbe

Gündelik Ýagtylyk

22 noý 2023

Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn. Goý, Hudaýyň çäksiz merhemeti, parahatlygy we söýgüsi size ýar bolsun! Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim. Sebäbi käbir hudaýsyzlar ogrynça araňyza sümlüp girdiler. Olar Hudaýyň ajaýyp merhemeti bize azgynlyk etmäge ygtyýar berýär diýip öwredýärler we ýeke-täk Hojaýynymyz we Rebbimiz Isa Mesihi ret edýärler. Şeýle adamlaryň jezasy gadymdan bäri ýazylyp goýlandyr. Bu zatlaryň ählisini ozal bilýän hem bolsaňyz, muny size ýatlatmakçy bolýaryn: Reb ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi, emma soňra iman etmedik adamlary ýok edip taşlady. Mertebelerini saklaman, mesgen tutan ýerlerini terk eden perişdeleri hem Ol tümlükde zynjyrlar bilen ebedilik baglady. Olary elhenç kyýamat gününe çenli şol ýerde saklaýar. Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular. Muňa garamazdan, araňyza sümlüp giren bu adamlar gören düýşlerine daýanyp, öz bedenlerini haramlaýarlar. Hudaýyň hökmürowanlygyny ret edýärler, gökdäki perişdelere sögýärler. Emma hatda baş perişde Mikaýyl Musanyň jesedi barada iblis bilen çekeleşende, iblise garşy sögmäge milt etmedi. Gaýtam, diňe: «Seni Rebbiň Özi ýazgarsyn!» diýdi. Emma bu düýş görýän adamlar düşünmeýän zatlaryna sögýärler. Olar edil haýwanlar ýaly, öz ugruna hereket edip, islän zatlaryny edýärler, bu zatlar hem olary heläk edýär. Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar. Bu adamlar siziň üçin gorkunçdyr, olar öz garynlaryny doýurmak üçin siziň bilen bir saçakda iýip-içýärler. Şemal bilen kowlan ýagmyrsyz bulutlar kimin, möwsüminde miwe bermeýän daragtlar kimindirler. Olar düýbünden goparylyp taşlanandyrlar, bütinleý ölüdirler. Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar. Adam atadan soňra ýedinji nesil bolan Hanok hem bu adamlar hakda şeýle pygamberlik edipdir: «Ine, Reb san-sajaksyz, müňlerçe perişdeleri bilen gelýär. Ol ähli adamzada kazylyk eder, günä eden hudaýsyzlary höküm eder. Hudaýsyzlaryň ýaramaz etmişlerini we Oňa garşy küpür gepländikleri üçin olary jezalandyrar». Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler. Siz bolsa, eý, söýgüli doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň resullarynyň öňden aýdanlaryny ýadyňyzda saklaň. Olar size: «Dünýäniň ahyrky günlerinde öz ten höweslerini kanagatlandyrýan ýaňsylaýjylar peýda bolar» diýipdiler. Bular siziň araňyza bölünişik salyp, öz ynsan düşünjelerine görä ýaşaýan adamlardyr we Mukaddes Ruhdan mahrumdyrlar. Emma siz, söýgüli doganlar, mukaddes imanyňyza bil baglap, biri-biriňize öwüt-ündew ediň. Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp, doga-dileg ediň. Rebbimiz Isa Mesih Öz rehimdarlygy arkaly sizi baky ýaşaýşa gowşurýança, Hudaýyň söýgüsi bilen ýaşamagy dowam etdiriň. Şübhelenýän adamlara rehim-şepagatly boluň. Başgalary gelejekki jeza odundan halas ediň. Käbirlerine bolsa, Hudaýdan gorkmak bilen rehim ediň, ýöne hüşgär boluň, olaryň durmuşyny harama öwren günäni ýigreniň. Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr. Şonuň üçin Rebbimiz Isa Mesih arkaly ýeke-täk Halasgärimiz Hudaýa şan-şöhrat, güýç-gudrat, hökümdarlyk ezelden, häzir we baky ýar bolsun! Omyn.

Ýahuda 20

Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda we hakykatda sežde etmelidirler».

Ýohanna 4:24

Indi Mesihiň üsti bilen biziň hemmämiz bir Ruh arkaly Atanyň huzuryna baryp bilýäris.

Efesliler 2:18

Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.

Matta 26:39

Mukaddes Ruh hem ejizligimizde bize kömek berýär, sebäbi biz hatda nähili we näme barada dileg etmelidigimizi hem bilmeýäris. Emma Mukaddes Ruhuň Özi söz bilen beýan edip bolmajak iňňildiler bilen biziň üçin töwella edýär. Ynsan ýüreginiň jümmüşini bilýän Hudaý Mukaddes Ruhuň pikirlerine düşünýändir. Sebäbi Mukaddes Ruh Hudaýyň islegine görä Onuň halky üçin ýalbarýandyr.

Rimliler 8:26–27

Biz Hudaýa bil baglaýarys, sebäbi Onuň yradasyna görä näme dilesek, dilegimizi eşidýändigini bilýäris.

1 Ýohanna 5:14

Emma Hakykat Ruhy gelen wagty sizi tutuş hakykata alyp gider. Ol Öz-Özünden geplemez, näme eşitse, şony geplär we geljek zatlary size aýan eder.

Ýohanna 16:13

Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.

Efesliler 6:18

Emeli intellekt bilen terjime edilen, Mukaddes Kitap sitatalary hem şol sanda — islendik salgylamany açyp, Mukaddes Kitap terjimesinde okaň.

Eliňizdäki Mukaddes Kitap her bir adam üçin iň wajyp kitapdyr! Bu kitap arkaly adamzat öz Ýaradyjysy Hudaýy tanap, Onuň biz üçin niýetlän ajaýyp maksadyny öwrener we iman edip, baky ýaşaýşa eýe bolar.

Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).

ÖňkiIndiki
Okamak opsiýalary

Makala şrift ölçegi

Soňky günler

  • 21 noý 2023

    Ýohanna 6:37 · Müsürden çykyş 22:27

    Ýohanna 6:37

  • 20 noý 2023

    Mika 7:8 · Işaýa 43:2–3

    Mika 7:8

  • 19 noý 2023

    Matta 7:20 · 1 Ýohanna 3:7

    Matta 7:20

  • 18 noý 2023

    Işaýa 27:8 · 2 Şamuwel 24:14

    Işaýa 27:8

  • 17 noý 2023

    Zebur 92:5 · Kolosiýalylar 1:9

    Zebur 92:5

  • 16 noý 2023

    Ýohanna 17:17 · Ýohanna 15:3

    Ýohanna 17:17

  • 15 noý 2023

    1 Korintoslylar 1:9 · Ýewreýler 10:23

    1 Korintoslylar 1:9

Baglanyşykly makalalar

  • Ruhy Ösüş

    Mesihçiniň durmuşyndaky kynçylyklary düşünişmek we ýeňip geçmek

    Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…

    23 mart 2025
  • Yaraşyk

    Mesihiň ýumşak ýoly: Ýakyn Gündogar gapma-garşylygynda ýaraşyk

    Mesihiň ýumşak ýoly Ysraýyl-Palestina gapma-garşylygynda ýaraşyk üçin umyt we adalat hödürleýär.

    24 okt 2024·Salim Munayer
  • Dogalar

    Bize doga etmegi öwret: Hakyky Hristiançylyga çuňňur aralaşmak

    Hudaýa garaşlylygyň we ynamyň beýany hökmünde hakyky Hristian dogasynyň manysyny öwreniň.

    27 mart 2026

Mukaddes Taryh

7/19/26 - TERTIP BERJAÝ BOLDY WE GALANLARY GAÝDYP GELÝÄR / Ezra 1

Hudaýyň tertip-düzgüni Ysraýylyň 70 ýyllyk ýesirligi we olaryň Iýerusalime gaýdyp gelmegi arkaly, Ezra 1-de…

20 iýul 2026

Ysraýyl

Ysraýylyň roluny düşündirmek: Milletiň pygamberlikleri

Ysraýyl bilen Kilise arasyndaky Injil tapawudyny öwreniň. Ysraýyl üçin Köne Äht pygamberlikleri harplar…

9 iýul 2025·David Reid

Iman

Durmuş ýaryşynda ýeňiş gazanmak: Süleýmandan we Pawlusdan iman baradaky sapaklar

Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…

15 mart 2025

Ruhy Ösüş

Mesihçiniň durmuşyndaky kynçylyklary düşünişmek we ýeňip geçmek

Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…

23 mart 2025
  • Yaraşyk

    Mesihiň ýumşak ýoly: Ýakyn Gündogar gapma-garşylygynda ýaraşyk

    Mesihiň ýumşak ýoly Ysraýyl-Palestina gapma-garşylygynda ýaraşyk üçin umyt we adalat hödürleýär.

    24 okt 2024·Salim Munayer
  • Mukaddes Taryh

    7/19/26 - TERTIP BERJAÝ BOLDY WE GALANLARY GAÝDYP GELÝÄR / Ezra 1

    Hudaýyň tertip-düzgüni Ysraýylyň 70 ýyllyk ýesirligi we olaryň Iýerusalime gaýdyp gelmegi arkaly, Ezra 1-de…

    20 iýul 2026
  • Dogalar

    Bize doga etmegi öwret: Hakyky Hristiançylyga çuňňur aralaşmak

    Hudaýa garaşlylygyň we ynamyň beýany hökmünde hakyky Hristian dogasynyň manysyny öwreniň.

    27 mart 2026
  • Ysraýyl

    Ysraýylyň roluny düşündirmek: Milletiň pygamberlikleri

    Ysraýyl bilen Kilise arasyndaky Injil tapawudyny öwreniň. Ysraýyl üçin Köne Äht pygamberlikleri harplar…

    9 iýul 2025·David Reid
  • Iman

    Durmuş ýaryşynda ýeňiş gazanmak: Süleýmandan we Pawlusdan iman baradaky sapaklar

    Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…

    15 mart 2025