Çünki Hudaý Öz göwnünden turýan işleri etmek üçin size gujur-gaýrat berip, sizdäki işini amal edýär.
Filipililer 2:13
Gündelik Ýagtylyk

Çünki Hudaý Öz göwnünden turýan işleri etmek üçin size gujur-gaýrat berip, sizdäki işini amal edýär.
Filipililer 2:13
Bu işi öz-özümizden başarýarys diýip aýtmaga hiç esasymyz ýokdur. Bu başarnygy bize Hudaý berýär.
2 Korintoslylar 3:5
Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Gökden berilmese, ynsan hiç zat edip bilmez.
Ýohanna 3:27
Eger Meni iberen Atanyň Özi getirmese, hiç kim Maňa gelip bilmez. Ýanyma gelen adamy bolsa, Men ahyrky gün direlderin.
Ýohanna 6:44
Olar hemişe Menden gorkar ýaly, bir ýürek we bir ýol bererin. Bu olaryň özleri üçin hem, özlerinden soňky çagalary üçin hem ýagşylyk bolar.
Ýermeýa 32:39
Eziz doganlar, aldanmaň! Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur. Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi.
Ýakup 1:16–18
Sebäbi Hudaý bizi Isa Mesih arkaly ýaratdy. Ol bizi owaldan taýýarlap goýan ýagşy işlerini etmegimiz üçin ýaratdy.
Efesliler 2:10
Ýa Reb, rahatlyk berjek Sensiň, ähli eden işlerimizi berjaý eden Sensiň.
Işaýa 26:12
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
5 dek 2023
Zebur 119:71
4 dek 2023
Eýýup 28:12
3 dek 2023
Eýýup 5:8
2 dek 2023
1 Ýohanna 2:20
1 dek 2023
Işaýa 32:2
30 noý 2023
Aýanlyk 1:4
29 noý 2023
Zebur 65:4

Nika
Hudaýa ýakymly hristian nikasyna taýýarlanyň, söýgüli we nika öňi maslahatlary baradaky Mukaddes Kitap…
Hudaýyň rehimi
Hudaýyň rehimi we merhemeti her bir kynçylykda bolan imanly üçin nähili elýeterlidigini öwreniň. Ähli…
Sabyr
Ýusubyň türme tejribesi kynçylyklarda sabyrlylygy we Hudaýa garaşmagy öwredýär. Hudaýyň synaglary imany we…
Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Ruhy Ösüş
Şu on iki çuňňur sorag bilen ruhy syýahatyňyz barada oýlanyň. Hudaý bilen ýörişiňizi seljeriň, ileri tutulýan…

Nika
Hudaýa ýakymly hristian nikasyna taýýarlanyň, söýgüli we nika öňi maslahatlary baradaky Mukaddes Kitap…

Hudaýyň rehimi
Hudaýyň rehimi we merhemeti her bir kynçylykda bolan imanly üçin nähili elýeterlidigini öwreniň. Ähli…
Gulluk
Siziň uly ýa-da kiçi hereketleriňiziň Mesihiň söýgüsini nädip görkezýändigini we başgalaryň durmuşynda uly…

Sabyr
Ýusubyň türme tejribesi kynçylyklarda sabyrlylygy we Hudaýa garaşmagy öwredýär. Hudaýyň synaglary imany we…