Şeýlelikde, Mesih bilen direlendigiňize görä, göklerdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr. Pikiriňizi dünýewi zatlara däl-de, gökdäki zatlara gönükdiriň. Çünki siz ölensiňiz, durmuşyňyz bolsa Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir.
Kolosiýalylar 3:1–3
Biz bolsa gökleriň raýatlary bolup, Halasgär Rebbimiz Isa Mesihiň şol ýerden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrys. Sebäbi Isa Mesih biziň ejiz we ähmiýetsiz bedenlerimizi özgerdip, Öz şöhratly bedenine meňzeder. Ol muny her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji arkaly amala aşyrar.
Filipililer 3:20–21
Çünki ynsan höwesleri Mukaddes Ruha garşydyr; Mukaddes Ruh hem ynsan höweslerine garşydyr. Olar biri-biri bilen hiç oňuşmaýarlar. Şonuň üçin-de, siz öz islän zadyňyzy edip bilmeýärsiňiz.
Galatýalylar 5:17
Şoňa görä-de, eý, doganlar, biz indi ynsan höwesleriniň talaplaryna görä ýaşamaga borçly däldiris. Eger siz ynsan höwesleriniň talaplaryna görä ýaşasaňyz, ölersiňiz. Emma ynsan höwesleriniň ýaman işlerini Mukaddes Ruhuň güýji arkaly ýok etseňiz, ýaşarsyňyz.
Rimliler 8:12–13
Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.
1 Petrus 2:11