Çeken ejirim-ezýetim öz haýryma boldy; meni söýendigiň üçin janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň, ähli günälerimi arkaňa atdyň.
Işaýa 38:17
Gündelik Ýagtylyk

Çeken ejirim-ezýetim öz haýryma boldy; meni söýendigiň üçin janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň, ähli günälerimi arkaňa atdyň.
Işaýa 38:17
Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär. Rehimi iner Onuň bize ýene-de. Etmişlerimizi aýak astyna atar. Ähli günälerimizi deňziň düýbüne taşlarsyň.
Mika 7:18–19
«Men seni bir salym terk etdim, ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn. Gazap odunda senden bir salym ýüzümi gizledim, emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen». Muny Penakäriňiz Reb diýýär.
Işaýa 54:7–8
Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.
Ýermeýa 31:34
Eý, dogry adamlar, şatlanyň Rebde, dogruçyla alkyş aýtmak gelişýär. Rebbe alkyş aýdyň lirada, Oňa mukam çalyň on kirişli guralda.
Zebur 32:1–2
Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir.
1 Ýohanna 1:7
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
7 mart 2024
Işaýa 54:5
6 mart 2024
Süleýmanyň pähimleri 2:8
5 mart 2024
Işaýa 38:14
4 mart 2024
Kolosiýalylar 3:2
3 mart 2024
Süleýmanyň pähimleri 3:5–6
2 mart 2024
Gelip çykyş 41:52
1 mart 2024
Galatýalylar 5:22

Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…
Aýallar Gullukda
Mesihçi aýallar dünýäniň maslahatyna däl-de, Hudaýyň niýetine we maksadyna laýyk ýaşamaga çagyrylýar.
Halasgärlik
Isa Mesih näme üçin haçda meýletin ölendiginiň çuňňur sebäplerini öwreniň. Onuň gurbanlygynyň siziň…
Ruhy Ösüş
Beýsbol meňzetmesiniň durmuş kynçylyklaryna garşy duranda özümize däl-de, Rebbe bolan ynamyň ähmiýetini nädip…

Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…
Ikinji Geliş
Mesih bilen gaýdyp gelýän 'mukaddesleriň' kimdigini açyň, ybadathanany Köne Ähtden we beýleki mukaddeslerden…
Iman
Boks çempiony bulaşyklykdan parahatçylyga çenli ýoluny paýlaşýar, Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýşy tapýar.