Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.
1 Timoteos 6:17
Gündelik Ýagtylyk

Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.
1 Timoteos 6:17
Şonuň üçin hem siz ägä boluň, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny, hökümleridir parzlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp, öz Hudaýyňyz Rebbi unutmaň. Garnyňyz doýanda, ýaşamak üçin kaşaň jaýlar guranyňyzda,
Kanun taglymaty 8:11–12
Gaýtam, Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzda saklaň, çünki baýlyk toplamaga güýji Ol berýändir. Şonda Ol şu günki görşüňiz ýaly, ata-babalaryňyza wada eden ähtini tassyklar.
Kanun taglymaty 8:18
Rebden gorkýan, Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly! Sen öz el zähmetiňiň miwesini iýersiň, ýalkanarsyň, ýagşylyk seniňki bolar.
Zebur 127:1–2
Ynsan ogullarynyň içinde iň görmegeýi sen, merhemet saçylýar seniň diliňden; şoňa görä Hudaý seni baky ýalkady.
Zebur 44:3
Dogry gurbanlyklary hödürläň, Rebbe bil baglaň.
Zebur 4:6
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
8 mart 2024
Işaýa 38:17
7 mart 2024
Işaýa 54:5
6 mart 2024
Süleýmanyň pähimleri 2:8
5 mart 2024
Işaýa 38:14
4 mart 2024
Kolosiýalylar 3:2
3 mart 2024
Süleýmanyň pähimleri 3:5–6
2 mart 2024
Gelip çykyş 41:52
Isa Mesih
Dawudyň Absalomdan gaçmagy we Äht sandygy yzyna gaýtarmak bilen Hudaýyň terbiýesine boýun egmegi Mesihiň…

Dinden dänmek
Köne Ähtden dönükler Kaýynyň, Balaamyň we Korahyň hekaýalaryny öwreniň. Olaryň ynanmazlygyndan sapak alyň we…
Umut
Hudaýyň üýtgewsiz wadalarynyň ruhuňyz üçin ynamly we durnukly lengeri nädip üpjün edýändigini, durmuşyň…
Ene-atalyk
Bir missioner aýalynyň birden aradan çykmagyny, ýeke ata-ene bolmagyny we gamy, ýalňyzlygy hem-de…
Ybadat
Isa hakyky seždäniň boş däp-dessurlarda ýa-da fiziki ybadathanalarda däl-de, ruhda we hakykatda bolýandygyny…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…