Eý, Hudaý, meni halas etmegi niýetiňe sal; ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.
Zebur 69:2
Gündelik Ýagtylyk

Eý, Hudaý, meni halas etmegi niýetiňe sal; ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.
Zebur 69:2
Suwlar depämden aşdy, «Men heläk boldum» diýdim. Çukuryň düýbünden Seni çagyrdym, ýa Reb. «Gulagyňy dykma, perýadyma gulak goý» diýen sözlerimi eşitdiň. Seni çagyranymda, ýanyma gelip: «Gorkma!» diýdiň.
Ýermeýanyň agysy 3:54–57
5-Geljek nesliň, indi doguljaklaryň bileri ýaly, olaryň hem öz nobatynda çagalaryna aýdary ýaly, umytlaryny Hudaýa baglary ýaly, Hudaýyň edenlerini unutman, Onuň parzlaryny saklary ýaly, ýürekleri Hudaýa wepa bermedik, ruhy Oňa sadyk bolmadyk atalary deý dikdüşdi, pitneçi bolmazy ýaly, Ol Ýakubyň nesline – Ysraýyl halkyna kanuny berdi. Perzentlerine ony öwretmekligi ata-babalarymyza Ol emr etdi. Ok-ýaý bilen ýaraglanan Efraýym nesli, söweş gününde ökje göterdi. Olar Hudaýyň ähtini saklamadylar, Onuň kanunyna görä ýöremekden ýüz döndürdiler. Unutdylar Onuň işlerini, olara görkezen gudratlaryny.
Zebur 77:7–11
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
15 apr 2024
Ýermeýa 50:34
14 apr 2024
Zebur 63:5–6
13 apr 2024
Süleýmanyň pähimleri 3:9
12 apr 2024
Rimliler 8:3
11 apr 2024
Süleýmanyň pähimleri 10:19
10 apr 2024
Nagmalar 1:5
9 apr 2024
Işaýa 43:1

Sabyr
Ýusubyň türme tejribesi kynçylyklarda sabyrlylygy we Hudaýa garaşmagy öwredýär. Hudaýyň synaglary imany we…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Maşgala
Maşgalaňyz üçin berk ruhy binýat gurmagy nädip öwrenmelidigini öwreniň. Bu gollanma Mesih merkezli öý üçin üç…

Sabyr
Ýusubyň türme tejribesi kynçylyklarda sabyrlylygy we Hudaýa garaşmagy öwredýär. Hudaýyň synaglary imany we…