Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, goýunlar üçin gapy Mendirin.
Ýohanna 10:7
Gündelik Ýagtylyk

Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, goýunlar üçin gapy Mendirin.
Ýohanna 10:7
Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy.
Matta 27:51
Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.
1 Petrus 3:18
Bu düzgünler arkaly Mukaddes Ruh şuny görkezýär: ýerdäki Mukaddes çadyrda ýerine ýetirilýän parzlar bes edilmese, gökdäki Iň mukaddes otaga asla girip bolmaz.
Ýewreýler 9:8
Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar.
Ýohanna 10:9
Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.
Ýohanna 14:6
Indi Mesihiň üsti bilen biziň hemmämiz bir Ruh arkaly Atanyň huzuryna baryp bilýäris. Şeýlelikde, eý, ýahudy däller, siz mundan beýläk keseki-de, gelmişek-de dälsiňiz. Siz indi Hudaýyň mukaddes halkynyň raýatysyňyz we Hudaýyň maşgalasynyň agzasysyňyz.
Efesliler 2:18–19
Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Isanyň gany arkaly indi biz Iň mukaddes otaga batyrgaýlyk bilen girip bilýäris. Isa Öz ölümi arkaly bize çadyrdaky içki tutudan geçýän we Hudaýa barýan täze ýaşaýyş ýoluny açyp berdi.
Ýewreýler 10:19–20
Şeýlelikde, biz imanymyz bilen aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk. Isa Mesih bize Hudaýyň merhemetiniň gapysyny açyp berdi. Biz iman arkaly bu merhemete ulaşyp, berk durus we Hudaýyň şöhratyna şärik boljakdygymyza umyt baglap begenýäris.
Rimliler 5:1–2
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
18 apr 2024
Kanun taglymaty 18:18
17 apr 2024
Zebur 50:23
16 apr 2024
Zebur 31:22
15 apr 2024
Ýermeýa 50:34
14 apr 2024
Zebur 63:5–6
13 apr 2024
Süleýmanyň pähimleri 3:9
12 apr 2024
Rimliler 8:3
Isa Mesih
Isanyň ruhunyň öleninden soň we direlişinden öň nirede bolandygyny öwreniň. Mukaddes Kitapda Onuň dowzahda…

Halasgärlik
Bir ýaş ýigit häkimiň günäsini ret edip, jezalandyryldy. Hudaýyň günäleriňiz üçin beren günäsini ret etmegiň…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ebedilik
Ýerdäki durmuş gysga, ol ebedi ykbala eltýär. Ebedilik üçin nädip taýýarlanmalydygyny we Isa Mesihi…

Halasgärlik
Bir ýaş ýigit häkimiň günäsini ret edip, jezalandyryldy. Hudaýyň günäleriňiz üçin beren günäsini ret etmegiň…
Halasgärlik
Bir oglanjyk ejesiniň ary çakmagy bilen Isanyň orunbasar tölegi barada öwrenýär.

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Howa
El Niňo Isanyň gelmegine dürli jogaplar ýaly, dürli global täsirleri getirýär. Mesih çaga öz reaksiýaňyzy göz…