Reb edil aýdyşy ýaly, Sara beren wadasyny berjaý etdi.
Gelip çykyş 21:1
Gündelik Ýagtylyk

Reb edil aýdyşy ýaly, Sara beren wadasyny berjaý etdi.
Gelip çykyş 21:1
Çünki Sen meniň kömegim bolduň; ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp, nagma aýdaryn.
Zebur 62:8
Dawudyň haly teňdi, çünki halk ony daşlamak isleýärdi. Sebäbi ogul-gyzlarynyň ýesir alnanyna adamlaryň jany ýanýardy. Emma Dawut öz Hudaýy Rebden güýç aldy.
1 Şamuwel 30:6
Ýusup doganlaryna: «Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter» diýdi.
Gelip çykyş 50:24
Müsürde halkymyň çekýän jebir-sütemini gördüm, olaryň ahy-nalasyny eşitdim. Men olary azat etmek üçin aşak indim. Indi, gel, Men seni Müsüre ibereýin“ diýdi.
Resul 7:34
Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykdy. Ol Müsürde, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap mugjyzalar, gudratlar hem alamatlar görkezdi.
Resul 7:36
Rebbiň Ysraýyl nesillerine beren ajaýyp wadalaryndan ýekeje sözi hem ýerine ýetmän galmady. Olaryň ählisi hakykat ýüzünde berjaý boldy.
Ýeşuwa 21:45
Indi ykrar eden umydymyzy ikirjiňlenmän berk saklalyň, çünki wada beren Hudaý ynamdardyr.
Ýewreýler 10:23
Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?
Çölde 23:19
Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
Matta 24:35
Ot guraýar, gül solýar, emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar.
Işaýa 40:8
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
23 apr 2024
Zebur 18:18
22 apr 2024
Lewiler 1:3–4
21 apr 2024
Filipililer 4:1
20 apr 2024
Kanun taglymaty 13:17
19 apr 2024
Ýohanna 10:7
18 apr 2024
Kanun taglymaty 18:18
17 apr 2024
Zebur 50:23

Wagyz etmek
Häzirki zaman Günbatar medeniýetlerinde netijeli hoş habary öwreniň, Tesalonikileriň mysalyndan sapak alyň.
Ruhy özgeriş
Sözler güýçlüdir, milletlere, jemgyýetlere we adamlara gowy ýa-da erbet täsir edýär. Ýüreklerimiz dilimizi…
Maşgala
Çözülmedik gapma-garşylyklar maşgala bozulmalaryna getirýär. Inkär etmegiň, ýigrenjiň we gorkynyň nädip…
Günä geçmek
Hristianlar durmuşyň wagtlaýyn taraplaryny geçmiş üçin bagyşlamak, häzirki döwür üçin höwes we geljek üçin…

Wagyz etmek
Häzirki zaman Günbatar medeniýetlerinde netijeli hoş habary öwreniň, Tesalonikileriň mysalyndan sapak alyň.

Ruhy özgeriş
Sözler güýçlüdir, milletlere, jemgyýetlere we adamlara gowy ýa-da erbet täsir edýär. Ýüreklerimiz dilimizi…
Günä
Günebakar we bägül güllerinden ruhy sapaklary öwreniň. Gizlin günäleri nädip ýüze çykarmalydygyny…
Mukaddes Ýazgylar
Mukaddes Kitabyň ylahy ylhamyny we mutlak ygtyýaryny öwreniň. Garşylyklara garamazdan, onuň näme üçin häzirki…