Siz ony şu ýagdaýda iýmelisiňiz: ýol geýimiňiz egniňize, çarygyňyz aýagyňyza geýlen bolsun, hasaňyz eliňizde bolsun. Şeýle hem, siz ony çaltlyk bilen iýmelisiňiz. Bu Rebbiň Pesahydyr.
Müsürden çykyş 12:11
Gündelik Ýagtylyk

Turuň, gidiň, çünki bu ýer dynçlyk ýeri däldir! Murdarlygyňyz zerarly bu ýer zalymlyk bilen weýran ediler.
Mika 2:10
çünki biziň bu ýerde baky şäherimiz ýokdur, biz geljekki baky şähere garaşýarys.
Ýewreýler 13:14
Şunlukda, Hudaýyň halkyna Sabat güni ýaly ýörite bir dynçlyk garaşýar.
Ýewreýler 4:9
Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun. Toýdan gelip, hojaýyny gapyny kakanda, dessine oňa gapyny açmaga garaşýan adamlar ýaly boluň. Hojaýyny dolanyp gelende, onuň oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn bilini guşap, hyzmatkärlerini saçak başynda oturdar. Ýanyna gelip, olara özi hyzmat eder.
Luka 12:35–37
Şonuň üçin hem ähli pikirleriňizi bir ýere jemläp, hüşgär boluň. Isa Mesihiň gelmegi bilen özüňize beriljek merhemete uly umyt baglaň.
1 Petrus 1:13
Eý, doganlar! Men bulary gazanandyryn öýdemok. Emma ýeke-täk şuny welin edýändirin: yzda galan zatlary unudyp, öňdäkilere ýetmäge ymtylýaryn. Men Hudaýyň Isa Mesih arkaly göklerdäki ýaşaýşa çagyrýan baýragyny almak üçin, maksadyma tarap ylgaýaryn. Şoňa görä-de, imanda kämil bolanlarymyzyň bary, goý, şu nukdaýnazardan pikir etsin. Eger haýsydyr bir zat babatda başga pikirde bolsaňyz, onda Hudaý size muny hem aýdyňlaşdyrar.
Filipililer 3:13–15
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
1 iýun 2024
Galatýalylar 5:22
31 maý 2024
Gelip çykyş 32:28
30 maý 2024
Ýewreýler 4:11
29 maý 2024
Lewiler 17:11
28 maý 2024
Filipililer 3:20
27 maý 2024
Nahum 1:7
26 maý 2024
Ýewreýler 13:20

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ruhy Ösüş
Beýsbol meňzetmesiniň durmuş kynçylyklaryna garşy duranda özümize däl-de, Rebbe bolan ynamyň ähmiýetini nädip…
Nika
Hudaýa ýakymly hristian nikasyna taýýarlanyň, söýgüli we nika öňi maslahatlary baradaky Mukaddes Kitap…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh bilen doldurylmagyň Injildäki manysyny öwreniň, ony ýaşaýyş, suwda çokundyrylmak we ruhy…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Isa Mesih
Dawudyň Absalomdan gaçmagy we Äht sandygy yzyna gaýtarmak bilen Hudaýyň terbiýesine boýun egmegi Mesihiň…

Ruhy Ösüş
Beýsbol meňzetmesiniň durmuş kynçylyklaryna garşy duranda özümize däl-de, Rebbe bolan ynamyň ähmiýetini nädip…

Nika
Hudaýa ýakymly hristian nikasyna taýýarlanyň, söýgüli we nika öňi maslahatlary baradaky Mukaddes Kitap…
Ruhy Ösüş
Hakyky Hristiançylyk diňe bir ynam däl, eýsem ösüş durmuşydyr. Ruhy täsir döretmek we miwe bermek üçin…