Men Atama ýalbararyn, Ol size hemişe siziň bilen boljak başga bir Hemaýatçy, ýagny Hakykat Ruhuny berer. Dünýä Ony kabul edip bilmez, sebäbi dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, sebäbi Ol siziň araňyzda ýaşap, içiňizde bolar.
Ýohanna 14:16–17
Emma Men size hakykaty sözleýärin: Meniň gitmegim siziň üçin bähbitdir. Men gitmesem, Hemaýatçy size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin.
Ýohanna 16:7
Mukaddes Ruh biziň ruhumyz bilen birlikde Hudaýyň perzentleridigimize güwä geçýär.
Rimliler 8:16
Hudaý bize Öz Ruhuny berdi. Ol muny gaýtadan gul bolup, gorkuda ýaşamagymyz üçin däl, eýsem Onuň perzentleri bolup, Mukaddes Ruh arkaly «Abba! Atam!» diýip çagyrmagymyz üçin amal etdi.
Rimliler 8:15
Mukaddes Ruh hem ejizligimizde bize kömek berýär, sebäbi biz hatda nähili we näme barada dileg etmelidigimizi hem bilmeýäris. Emma Mukaddes Ruhuň Özi söz bilen beýan edip bolmajak iňňildiler bilen biziň üçin töwella edýär.
Rimliler 8:26
Mukaddes Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň artmagy üçin, umydyň gözbaşy bolan Hudaý imanyňyz arkaly, goý, sizi şatlykdan we parahatlykdan pürepür etsin.
Rimliler 15:13
Şeýle umyt bizi utandyrmaz, sebäbi berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolup-daşýar.
Rimliler 5:5
Hudaý biziň bilen we biziň hem Hudaý bilen ýaşaýandygymyzy Onuň her birimize beren Ruhundan bilýäris.
1 Ýohanna 4:13