Mähribanlarym, biz indi Hudaýyň perzentleridiris. Biziň nähili özgerjekdigimiz entek belli däl, emma Mesihiň geljek pursadynda Oňa meňzejekdigimizi bilýäris, sebäbi Ony bolşy ýaly göreris.
1 Ýohanna 3:2
Gündelik Ýagtylyk

Ol Özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny berdi.
Ýohanna 1:12
Hudaý bize juda gymmatly beýik wadalary berdi. Ol bu wadalar arkaly siziň bu dünýädäki erbet höweslerden döreýän azgynçylykdan gaça durup, Özüniň tebigatyna şärik bolmagyňyzy niýet etdi.
2 Petrus 1:4
Özüne umyt baglaýanlar üçin şeýle işleri eden Hudaýy owaldan bäri ne gulak eşidipdi, ne-de göz görüpdi.
Işaýa 64:4
Şindi ähli zady öçügsi aýnadan gören ýaly görýäris. Emma soňra ähli zady ýüzbe-ýüz göreris. Men şindi bölekleýin bilýärin, ýöne şonda Hudaýyň meni bilşi ýaly doly bilerin.
1 Korintoslylar 13:12
Biz bolsa gökleriň raýatlary bolup, Halasgär Rebbimiz Isa Mesihiň şol ýerden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrys. Sebäbi Isa Mesih biziň ejiz we ähmiýetsiz bedenlerimizi özgerdip, Öz şöhratly bedenine meňzeder. Ol muny her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji arkaly amala aşyrar.
Filipililer 3:20–21
Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.
Zebur 17:15
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
24 iýun 2024
Çölde 10:33
23 iýun 2024
Ýohanna 14:16–17
22 iýun 2024
Kolosiýalylar 3:3
21 iýun 2024
1 Petrus 2:21
20 iýun 2024
Müsürden çykyş 2:9
19 iýun 2024
Ýewreýler 12:14
18 iýun 2024
Müsürden çykyş 25:21–22

Maşgala
Maşgala gapma-garşylyklaryny çözmek üçin Mukaddes Kitap usullaryny öwreniň, hormat goýmagy, baha bermegi we…
Isa Mesih
Bu goşgy we Mukaddes Ýazgylar Mesih Isanyň durmuşynyň, ölüminiň we direlişiniň çuňňur syryny beýan edýär. Ol…
Iman
Yusubyň doganlaryna beren görkezmeleri Ysraýylyň Mesihdäki geljekki imanlaryny öňünden görkezýär. Hudaýa…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…

Maşgala
Maşgala gapma-garşylyklaryny çözmek üçin Mukaddes Kitap usullaryny öwreniň, hormat goýmagy, baha bermegi we…

Isa Mesih
Bu goşgy we Mukaddes Ýazgylar Mesih Isanyň durmuşynyň, ölüminiň we direlişiniň çuňňur syryny beýan edýär. Ol…
Adam Öldürmek
1 Ýahýa 3:15-iň näme üçin hiç bir ganhor ebedi ýaşaýşa eýe däldigini öwreniň, Dawut we Musa ýaly Köne Äht…
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…

Iman
Yusubyň doganlaryna beren görkezmeleri Ysraýylyň Mesihdäki geljekki imanlaryny öňünden görkezýär. Hudaýa…