Her kime nähili jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz hemişe ýakymly we mazmunly bolsun.
Kolosiýalylar 4:6
Gündelik Ýagtylyk

Her kime nähili jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz hemişe ýakymly we mazmunly bolsun.
Kolosiýalylar 4:6
Ýerinde aýdylan söz kümüş mejimäniň içinde goýlan altyn alma ýalydyr. Diňleýän gulaga akyldaryň käýinji tylla ysyrga we altyn bezeg ýalydyr.
Süleýmanyň pähimleri 25:11–12
Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.
Efesliler 4:29
Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr.
Matta 12:35
Siz öz sözüňiz bilen aklanyp, öz sözüňiz bilen höküm edilersiňiz».
Matta 12:37
Oýlanman gepleýän dil gylyç ýaly sanjylýandyr, akyldaryň dili bolsa şypa berýändir.
Süleýmanyň pähimleri 12:18
Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.
Malaky 3:16
Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Eger toba etseň, seni ýene kabul edip, huzurymda durzaryn. Eger biderek sözleri däl-de, gymmatly sözleri aýtsaň, Meniň dilim bilen geplärsiň. Bu halkyň özi saňa tarap öwrüler, emma sen olara tarap öwrülmersiň.
Ýermeýa 15:19
Siziň imanyňyz güýçli; siz nädip wagyz etmelidigini bilýärsiňiz. Siziň düşünjäňiz, yhlasyňyz we bizden öwrenen söýgiňiz dolup-daşýar. Hakyky, siz ähli zady şeýle oňat başarýarsyňyz. Şonuň üçin-de, sahylykda-da şeýle bolmagyňyzy isleýäris.
2 Korintoslylar 8:7
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
5 iýul 2024
1 Ýohanna 4:16
4 iýul 2024
Ýohanna 13:23
3 iýul 2024
Rimliler 8:17
2 iýul 2024
Müsürden çykyş 12:43
1 iýul 2024
Galatýalylar 5:22
30 iýun 2024
Aýanlyk 3:19
29 iýun 2024
1 Ýohanna 5:3
Nika
Söýgi, şatlyk we parahatçylyk ýaly Mukaddes Ruhyň dokuz miwesiniň nikanyňyzy nädip berkitjekdigini öwreniň.

Wagyz etmek
Mesih üçin ilçi bolmagyň näme aňladýandygyny öwreniň. Gökdäki derejäňiz, wezipäňiz we bu dünýäde Hudaýa…
Şägirtlik
Bu makala, Hudaýyň "hakyky ynsan" bolmak baradaky düşünjesini, öz nesline kiçigöwünlilik bilen hyzmat etmäge…
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…
Isa Mesih
Isanyň ruhunyň öleninden soň we direlişinden öň nirede bolandygyny öwreniň. Mukaddes Kitapda Onuň dowzahda…
Howa
El Niňo Isanyň gelmegine dürli jogaplar ýaly, dürli global täsirleri getirýär. Mesih çaga öz reaksiýaňyzy göz…

Wagyz etmek
Mesih üçin ilçi bolmagyň näme aňladýandygyny öwreniň. Gökdäki derejäňiz, wezipäňiz we bu dünýäde Hudaýa…