Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!
Aýanlyk 3:19
Gündelik Ýagtylyk

Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!
Aýanlyk 3:19
Üstesine-de, Hudaýyň size Öz perzentleri hökmünde aýdan bu öwüt-nesihatyny-da unutdyňyz: «Oglum, Rebbiň terbiýesine biperwaý bolma, Onuň käýinjine ruhdan düşme. Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir, kabul eden perzendine temmi berýändir».
Ýewreýler 12:5–6
Çünki atanyň eý görýän ogluna temmi berşi ýaly, Reb hem söýenini terbiýeleýändir.
Süleýmanyň pähimleri 3:12
Çünki ýaralaýan-da Ol, saraýan-da Ol, şikes ýetirýän-de Ol, şypa berýän-de Ol.
Eýýup 5:18
Hudaý sizi wagty gelende beýgelder ýaly, Onuň gudratly goly astynda özüňizi pes tutuň.
1 Petrus 5:6
Ine, seni sapladym, ýöne kümüş dek däl, azap küresinde synadym seni.
Işaýa 48:10
Hasrat berip, gaýga batyrsa-da, bulary Ol ýürekden etmez.
Ýermeýanyň agysy 3:33
Sen çeşmeleri jülgelere akdyrýaň, olar daglaryň aralaryndan akýar. Ähli meýdan haýwanlaryny hem suwa ýakýar, gulanlary suwdan gandyrýar. Gök guşlary çeşmeleriň boýnunda mesgen tutunýar, ýapraklaryň arasyndan olar saýraşýar. Sen daglary belentlikdäki mesgeniňden suwarýaň, Seniň işleriňiň miwesinden ýer kanagatlanýar. Ynsanlar, mallar toprakdan azygyny edinsin diýip, olar üçin galla, otlar ösdürýäň:
Zebur 103:10–14
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
29 iýun 2024
1 Ýohanna 5:3
28 iýun 2024
Eýýup 19:25
27 iýun 2024
Aýanlyk 6:17
26 iýun 2024
1 Ýyl ýazgylary 4:10
25 iýun 2024
1 Ýohanna 3:2
24 iýun 2024
Çölde 10:33
23 iýun 2024
Ýohanna 14:16–17

Yzygiderlilik
Hristianlaryň näme üçin bütin dünýäde yzarlanýandygyny öwreniň, muny garaňkylyga garşy ruhy söweş hökmünde…
Umut
Kyn döwürlerde maşgalaňyz üçin umyt tapyň. Bu makala Hudaýyň üýtgewsiz tebigatynyň, Onuň Sözüniň we…
Akyl Saglygy
Ylýasyň hekaýasy arkaly Mukaddes Kitabyň depressiýa nähili çemeleşýändigini öwreniň. Hudaýyň ýadaw guly üçin…
Hudaýyň rehimi
Hudaýyň ähli milletler üçin haýran galdyryjy rehimdarlygyny, hatda pygamberi boýun egmedik mahalynda-da…
Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Dinden dänmek
Köne Ähtden dönükler Kaýynyň, Balaamyň we Korahyň hekaýalaryny öwreniň. Olaryň ynanmazlygyndan sapak alyň we…