Soňra Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: «Pesahyň düzgünleri şudur: Ýeke gelmişek-de gurbanlykdan iýmeli däldir.
Müsürden çykyş 12:43
Gündelik Ýagtylyk

Soňra Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: «Pesahyň düzgünleri şudur: Ýeke gelmişek-de gurbanlykdan iýmeli däldir.
Müsürden çykyş 12:43
Biziň bir gurbanlyk sypamyz bardyr, ýöne Mukaddes çadyrda hyzmat edýän ruhanylaryň ondan iýmäge haky ýokdur.
Ýewreýler 13:10
Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.
Ýohanna 3:3
Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz, indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz. Hakykatdanam, Mesihiň Özi biziň parahatlygymyzdyr. Ol Öz janyny gurban edip, bu iki topary bir etdi, olaryň arasyndaky duşmançylyk diwaryny ýykyp taşlady. Ol Töwradyň kanunlaryny we däp-dessurlaryny ýatyrdy-da, iki halky birleşdirip, täze bir halk ýaratdy we parahatçylygy berkarar etdi.
Efesliler 2:12–15
Şeýlelikde, eý, ýahudy däller, siz mundan beýläk keseki-de, gelmişek-de dälsiňiz. Siz indi Hudaýyň mukaddes halkynyň raýatysyňyz we Hudaýyň maşgalasynyň agzasysyňyz.
Efesliler 2:19
Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam iýer.
Aýanlyk 3:20
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
1 iýul 2024
Galatýalylar 5:22
30 iýun 2024
Aýanlyk 3:19
29 iýun 2024
1 Ýohanna 5:3
28 iýun 2024
Eýýup 19:25
27 iýun 2024
Aýanlyk 6:17
26 iýun 2024
1 Ýyl ýazgylary 4:10
25 iýun 2024
1 Ýohanna 3:2

Wagyz etmek
Häzirki zaman Günbatar medeniýetlerinde netijeli hoş habary öwreniň, Tesalonikileriň mysalyndan sapak alyň.

Hudaýdan gorkmak
Hudaýdan gorkmagyň iki tarapyny öwreniň: imansyzlar üçin höküm we iman edýänler üçin hormatly haýran galmak…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Howa
El Niňo Isanyň gelmegine dürli jogaplar ýaly, dürli global täsirleri getirýär. Mesih çaga öz reaksiýaňyzy göz…
Gulluk
Siziň uly ýa-da kiçi hereketleriňiziň Mesihiň söýgüsini nädip görkezýändigini we başgalaryň durmuşynda uly…
Gahar
Gahar-gazaba Mukaddes Kitap nukdaýnazaryndan düşünmek, dogry gahar-gazaby günäkär gahar-gazapdan…