Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändirler. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary örä alyp çykýandyr.
Ýohanna 10:3
Gündelik Ýagtylyk

Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändirler. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary örä alyp çykýandyr.
Ýohanna 10:3
Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.
2 Timoteos 2:19
Şol gün köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz Seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi? Seniň adyň bilen arwah-jynlary kowup, köp gudratlar görkezmedikmi?“ diýerler. Şonda Men olara: „Eý, ýamanlyk edýänler, Men sizi asla tanamok, ýok boluň ýanymdan!“ diýip, açyk aýdaryn.
Matta 7:22–23
Çünki Reb dogrularyň ýoluny gözden salmaýar, erbetleriň ýoly bolsa heläkçilige uçradýar.
Zebur 1:6
Ine, Men adyňy ellerimiň aýasyna ýazdym, diwarlaryň göz öňümdedir elmydam.
Işaýa 49:16
Ýüregiňde, goluňda sakla meni möhür deý; çünki yşk ölüm deý güýçli, gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz. Yşkyň ýalny otly ýalyndyr, lowlaýan ýalyndyr ol.
Nagmalar 8:6
Reb ýagşydyr, betbagtlyk gününde halkyna penadyr; Ol Öz penasyndakylary goraýandyr.
Nahum 1:7
Atamyň öýünde ýaşamaga ýer köpdür. Şeýle bolmasa, Men size: „Ýer taýynlamaga barýaryn“ diýermidim? Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz.
Ýohanna 14:2–3
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
17 iýul 2024
Ýunus 4:2
16 iýul 2024
Müsürden çykyş 19:6
15 iýul 2024
Matta 6:10
14 iýul 2024
Matta 12:34
13 iýul 2024
Nagmalar 7:10
12 iýul 2024
Müsürden çykyş 33:14
11 iýul 2024
Ýermeýa 15:20

Azaşan ogul
Bu makala Dawudyň gaýdyp gelmegini, ony azaşan oglunyň syýahatyna we günäniň netijelerine deňeşdirip öwrenýär.
Palma Ýekşenbesi
Palma Ýekşenbesiniň manysyny we Ysraýylyň Isany ret etmegini düşüniň. Bu makala Purim wakasyny we häzirki…
Dünýewilik
Lutyň Sodomdaky hekaýasy dünýewi höweslerden we ylalaşyklardan ägä bolmaga çagyrýar. Dünýäni söýmekden gaça…
Isa Mesih
Dawut patyşalyk güýjüni ele almak üçin uzak wagt garaşmaly boldy. Bu babatda ol Mesih üçin bir nusgadyr, Ol…
Ynam
Ähli zerurlyklaryňyz üçin Hudaýa bil baglap, aladany we gorkyny nädip ýeňmelidigini öwreniň. Luka 12-den…
Maşgala
Maşgalaňyz üçin berk ruhy binýat gurmagy nädip öwrenmelidigini öwreniň. Bu gollanma Mesih merkezli öý üçin üç…