Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.
Ýunus 4:2
Şonuň üçin hem, goý, indi Öz söz berip, şu aýdyşyň ýaly, Sen Rebbiň güýji beýik bolsun! Sen: „Men-Reb – giň göwünli, sadyk söýgä baý. Etmişi we ýazygy bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirýärin“ diýipdiň.
Çölde 14:17–18
Bizi dikelt, eý, Hökmürowan Hudaý!
Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň,
milletleri kowup, ony oturtdyň.
Zebur 79:8–9
Etmişlerimiz bize garşy şaýatlyk etse-de,
Öz adyňyň hatyrasyna bir zat edäý, ýa Reb!
Biziň dönükligimiz çökderdir juda,
çünki biz Saňa garşy etdik günä.
Ýermeýa 14:7
Ýa Reb, biz öz pisligimizi,
ata-babalarymyzyň ýazygyny boýun alýarys.
Çünki biz Saňa garşy günä etdik.
Ýermeýa 14:20
Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy,
şindiden asyrlarboýy!
Zebur 130:3–4