Reb Musa: «Men seniň bilen giderin we saňa parahatçylyk bererin» diýdi.
Müsürden çykyş 33:14
Gündelik Ýagtylyk

Reb Musa: «Men seniň bilen giderin we saňa parahatçylyk bererin» diýdi.
Müsürden çykyş 33:14
Dözümli we mert boluň! Olardan gorkmaň, dowla düşmäň, sebäbi siziň bilen gitjek hut Hudaýyňyz Rebbiň Özüdir. Ol sizi hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez».
Kanun taglymaty 31:6
Rebbiň Özi seniň öňüňden gider. Ol seniň bilen bolar. Ol seni hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez. Gorkma we dowla düşme!»
Kanun taglymaty 31:8
Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»
Ýeşuwa 1:9
Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular.
Süleýmanyň pähimleri 3:6
Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi. Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».
Ýewreýler 13:5–6
Bu işi öz-özümizden başarýarys diýip aýtmaga hiç esasymyz ýokdur. Bu başarnygy bize Hudaý berýär.
2 Korintoslylar 3:5
Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“
Matta 6:13
Ýa Reb, men ynsanyň ýolunyň öz elinde däldigini, dogry ädim basmagyň ygtyýarynda däldigini bilýärin.
Ýermeýa 10:23
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
11 iýul 2024
Ýermeýa 15:20
10 iýul 2024
Matta 10:24
9 iýul 2024
Zakarýa 3:4
8 iýul 2024
1 Ýohanna 1:9
7 iýul 2024
Matta 4:1
6 iýul 2024
Kolosiýalylar 4:6
5 iýul 2024
1 Ýohanna 4:16

Isa Mesih
Matta Hoş Habary Köne Äht pygamberligini Isa Mesihi Ysraýylyň wada edilen Patyşasy hökmünde görkezýän täze…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Ruhy Ösüş
Şu on iki çuňňur sorag bilen ruhy syýahatyňyz barada oýlanyň. Hudaý bilen ýörişiňizi seljeriň, ileri tutulýan…
Dostluk
Dostlary saýlanda berilmeli ýedi möhüm soragy öwreniň. Hudaýhon dostluklaryň durmuşyňyzy nädip şekillendirip…
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…

Isa Mesih
Matta Hoş Habary Köne Äht pygamberligini Isa Mesihi Ysraýylyň wada edilen Patyşasy hökmünde görkezýän täze…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…