Isa Mesih Öz ölümi arkaly günäniň ygtyýaryny müdimilik ýok etdi. Onuň häzirki ýaşaýşy bolsa diňe Hudaýyň şöhraty üçindir.
Rimliler 6:10
Gündelik Ýagtylyk

Isa Mesih Öz ölümi arkaly günäniň ygtyýaryny müdimilik ýok etdi. Onuň häzirki ýaşaýşy bolsa diňe Hudaýyň şöhraty üçindir.
Rimliler 6:10
Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.
Işaýa 53:12
Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler.
Ýewreýler 9:28
Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.
1 Petrus 2:24
Sebäbi Ol mukaddes edýänlerini ýeke-täk gurbanlyk bilen hemişelik kämil etdi.
Ýewreýler 10:14
Emma Isanyň baky ýaşaýandygy üçin, Onuň ruhanylygy soňsuzdyr. Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.
Ýewreýler 7:24–25
Emma Isa Mesih heniz günäkärkäk, biziň üçin öldi. Şeýdip, Hudaý bize bolan söýgüsini görkezdi. Şoňa görä-de, Mesihiň gany bilen aklanan bolsak, Ol arkaly Hudaýyň gazabyndan gutuljagymyz hem gürrüňsizdir.
Rimliler 5:8–9
Şunlukda, Mesihiň dünýäde ejir çekişi ýaly, siz hem şeýle pikirler bilen ýaraglanyp, muňa taýýar boluň. Sebäbi Mesih üçin ejir çekmäge taýyn bolsaňyz, günä etmekden ýüz öwrensiňiz. Indi bu bedendäki galan ýaşajak ömrüňizde ynsanyň islegine däl-de, Hudaýyň islegine eýeriň.
1 Petrus 4:1–2
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
21 iýul 2024
Rimliler 3:1–2
20 iýul 2024
Ýohanna 17:16
19 iýul 2024
Luka 1:49
18 iýul 2024
Ýohanna 10:3
17 iýul 2024
Ýunus 4:2
16 iýul 2024
Müsürden çykyş 19:6
15 iýul 2024
Matta 6:10

Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…
Iman
Hudaýy söýmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň gaýdyp gelmegine garaşmak arkaly hakyky bagtly täze ýyly…
Günä
Mesihçiler günä edende, olaryň Hudaý bilen gatnaşygy howpsuz, ýöne agzybirlik bozulýar. Ykrar etmek we…
Hudaýyň söýgüsi
Hudaýyň Isa Mesihiň haçdaky gurbany arkaly siziň günäleriňiz üçin görkezen çuňňur söýgüsini açyň.

Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…
Dogrulyk
Zebur 1-nji baby öwreniň, dogrylar bilen hudaýsyzlary deňeşdiriň we Isa Mesihi kämil Dogry Adam hökmünde açyň.
Halasgärlik
Adamzadyň günäsi, Isa Mesihiň Halasgärligi we ebedi ýaşaýşa giden ýol baradaky esasy mukaddes ýazgylary açyň…

Iman
Hudaýy söýmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň gaýdyp gelmegine garaşmak arkaly hakyky bagtly täze ýyly…