Isa Mesih ähli agalyklary, ygtyýarlyklary we güýçleri ýok edip, Şalygy Ata Hudaýa tabşyranda bolsa dünýäniň soňy bolar.
1 Korintoslylar 15:24
Gündelik Ýagtylyk

Isa Mesih ähli agalyklary, ygtyýarlyklary we güýçleri ýok edip, Şalygy Ata Hudaýa tabşyranda bolsa dünýäniň soňy bolar.
1 Korintoslylar 15:24
Emma ol güni hem sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul bilýändir, diňe Ata bilýändir. Hüşgär boluň, oýa boluň! Siz ol wagtyň haçan geljekdigini bilýän dälsiňiz.
Mark 13:32–33
Size aýdýanlarymy hemmelere-de aýdýaryn: oýa boluň!»
Mark 13:37
Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.
2 Petrus 3:9
Siz hem sabyr-takatly boluň! Mert boluň, sebäbi Rebbiň geljek güni golaýlady. Eý, doganlar, özüňize höküm edilmez ýaly, biri-biriňiziň garşyňyza şikaýat etmäň. Ine, Kazy bosagada dur!
Ýakup 5:8–9
Bu wakalaryň Şaýady: «Hawa, Men tiz bararyn!» diýýär. Omyn! Ýa Rebbimiz Isa, gel!
Aýanlyk 22:20
11-Ähli zat şeýdip dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününe garaşyp, ony çaltlandyryp, Hudaýyň päk ýörelgesine eýermegiňiz gerek. Ol gün asman ýanyp ýok bolar, asman jisimleri ýanyp erär.
2 Petrus 3:11
Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.
1 Petrus 4:7
Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun. Toýdan gelip, hojaýyny gapyny kakanda, dessine oňa gapyny açmaga garaşýan adamlar ýaly boluň.
Luka 12:35–36
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
22 iýul 2024
Rimliler 6:10
21 iýul 2024
Rimliler 3:1–2
20 iýul 2024
Ýohanna 17:16
19 iýul 2024
Luka 1:49
18 iýul 2024
Ýohanna 10:3
17 iýul 2024
Ýunus 4:2
16 iýul 2024
Müsürden çykyş 19:6

Ylahy Takdyr
Hudaýyň öz maksatlaryny öňe sürmek üçin öz ykbalynda guraýan anyk duşuşyklaryny, ylahy duşuşyklary tanamagy…
Hudaýyň Kuwwaty
Hudaýyň adaty däl söweş usullaryny we Onuň güýjüniň, hatda garaşylmadyk ýaraglar bilen hem, ýeňşi nädip…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ýalan Tilsimler
Buthananyň içinde bidgynlyklary we bidgynçylary nädip kesgitlemegi öwreniň. Ýalan mugallymlaryň Mukaddes…
Ebedilik
Ýerdäki durmuş gysga, ol ebedi ykbala eltýär. Ebedilik üçin nädip taýýarlanmalydygyny we Isa Mesihi…

Ylahy Takdyr
Hudaýyň öz maksatlaryny öňe sürmek üçin öz ykbalynda guraýan anyk duşuşyklaryny, ylahy duşuşyklary tanamagy…
Toba
Bir ýaş ýigidiň gaýtalanýan şowsuzlyklary onuň üýtgeşmäge ukypsyzdygyny görkezýär. Ol Isa Mesihe ömrüni…