Reb Ysraýyla höküm etdi, kowup, sürgün etdi; olary gazaply demi bilen kowup çykardy, gündogardan öwüsýän ýel dek.
Işaýa 27:8
Gündelik Ýagtylyk

Reb Ysraýyla höküm etdi, kowup, sürgün etdi; olary gazaply demi bilen kowup çykardy, gündogardan öwüsýän ýel dek.
Işaýa 27:8
Dawut Gada: «Men erbet ýagdaýa düşdüm. Gowusy, Rebbiň eline düşeýin, ynsan eline düşmäýin. Rebbiň rehimdarlygy beýikdir» diýdi.
2 Şamuwel 24:14
Men seniň bilendirin, Men seni halas ederin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Saňa adalatly temmi bererin, emma jezasyz-da galdyrmaryn». Muny Reb aýdýandyr.
Ýermeýa 30:11
Suwlar gaýdyp ýer ýüzüni örtmesin diýip, olar geçmesin diýip, bir serhet goýduň. Sen çeşmeleri jülgelere akdyrýaň, olar daglaryň aralaryndan akýar.
Zebur 103:9-10
Ynsanlar, mallar toprakdan azygyny edinsin diýip, olar üçin galla, otlar ösdürýäň:
Zebur 103:14
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meniň bellän günüm olar Meniňki bolar. Olar Meniň gymmatly halkym bolar. Atasynyň özüne hyzmat eden ogluna haýpy gelşi ýaly, Meniň hem olara haýpym geler.
Malaky 3:17
Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Eý, Simun, Simun! Şeýtan sizi bugdaý ýaly sowurmak üçin diledi. Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin dileg etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleniňde, doganlaryňy kuwwatlandyr» diýdi.
Luka 22:31-32
Sen ýoksullara pena, mätäçlere mätäçliginde pena bolduň, tupandan goraýan gaçybatalga, yssydan goraýan kölege bolduň. Rehimsizleriň gaharly demi diwara urulýan tupan kimin,
Işaýa 25:4
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
17 noý 2024
Psalms 92:5
16 noý 2024
John 17:17
15 noý 2024
1 Corinthians 1:9
14 noý 2024
Psalms 40:17
13 noý 2024
Ephesians 5:25-26
12 noý 2024
2 Corinthians 7:10
11 noý 2024
Psalms 78:53

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ruhy Ösüş
Durmuş üýtgeşmeler bilen doly, bu bolsa stres we gorky döredýär. Üýtgewsiz Hudaýyň bu ýagdaýlary iman…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ygtybarlylyk
Resul Pawlusyň azaplaryny, asman görnüşini we ony kiçigöwünli saklan 'bedendäki tikeni' öwreniň. Hudaýyň…
Günä
Ýüregiň we günäniň ruhy keseli hökmünde Injildäki manysyny öwreniň. Hudaýyň garaýşyny, Şeýtanyň hüjümlerini…
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…

Ruhy Ösüş
Durmuş üýtgeşmeler bilen doly, bu bolsa stres we gorky döredýär. Üýtgewsiz Hudaýyň bu ýagdaýlary iman…