Düýşüň gaýgy-aladanyň köpdügi üçin gelşi ýaly, samsyk gep-de, köp sözlülikden gelýändir.
Wagyz 5:2
Gündelik Ýagtylyk

Düýşüň gaýgy-aladanyň köpdügi üçin gelşi ýaly, samsyk gep-de, köp sözlülikden gelýändir.
Wagyz 5:2
Doga-dileg edeniňizde, butparazlar ýaly, boş sözleri gaýtalap durmaň. Olar köp sözlemek bilen eşidileris öýdýärler. Olar ýaly bolmaň. Ataňyz size nämeleriň gerekdigini Özünden dilemänkäňiz bilýär ahyryn.
Matta 6:7-8
Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.
1 Patyşalar 18:26
«Iki adam Hudaýa doga etmek üçin ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý, beýlekisi salgytçy eken. Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin.
Luka 18:10-11
Salgytçy bolsa uzakda durup, gabagyny göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, gaýtam gursagyna urup: „Hudaýym, Men günäkäre rehim et!“ diýýär. Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyň aklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler».
Luka 18:13-14
Bir gün Isa Hudaýa doga okap otyrdy. Ol muny gutaran wagty, şägirtleriniň biri Oňa: «Agam, Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize Hudaýa doga etmegi öwretsene» diýdi.
Luka 11:1
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
29 iýun 2025
1 John 5:3
28 iýun 2025
Job 19:25
27 iýun 2025
Revelation 6:17
26 iýun 2025
1 Chronicles 4:10
25 iýun 2025
1 John 3:2
24 iýun 2025
Numbers 10:33
23 iýun 2025
John 14:16-17

Dinden dänmek
Köne Ähtden dönükler Kaýynyň, Balaamyň we Korahyň hekaýalaryny öwreniň. Olaryň ynanmazlygyndan sapak alyň we…
Ikiýüzlülik
Ikiýüzlülikiň tebigatyny, onuň günä bilen baglanyşygyny we adamlary Hudaýdan nädip daşlaşdyrýandygyny…
Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…
Dogalar
Hudaýa garaşlylygyň we ynamyň beýany hökmünde hakyky Hristian dogasynyň manysyny öwreniň.

Dinden dänmek
Köne Ähtden dönükler Kaýynyň, Balaamyň we Korahyň hekaýalaryny öwreniň. Olaryň ynanmazlygyndan sapak alyň we…

Ikiýüzlülik
Ikiýüzlülikiň tebigatyny, onuň günä bilen baglanyşygyny we adamlary Hudaýdan nädip daşlaşdyrýandygyny…
Ölüm
Ölüm hemmelere wagyz edip, ynsanlaryň Hudaýyň öňündäki günäsini we aýbyny açýar. Mesihdäki Hudaýyň…