Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn; ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.
Zebur 25:7
Gündelik Ýagtylyk

Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn; ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.
Zebur 25:7
Ýazyklaryňyzy bulut kimin, günäleriňizi duman kimin aýraryn. Maňa dolan, çünki Men sizi yzyňyza aldym».
Işaýa 44:22
Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.
Işaýa 43:25
Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar.
Işaýa 1:18
Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.
Ýermeýa 31:34
Rehimi iner Onuň bize ýene-de. Etmişlerimizi aýak astyna atar. Ähli günälerimizi deňziň düýbüne taşlarsyň.
Mika 7:19
Çeken ejirim-ezýetim öz haýryma boldy; meni söýendigiň üçin janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň, ähli günälerimi arkaňa atdyň.
Işaýa 38:17
Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.
Mika 7:18
5-Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!
Aýanlyk 1:5
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
28 iýun 2025
Job 19:25
27 iýun 2025
Revelation 6:17
26 iýun 2025
1 Chronicles 4:10
25 iýun 2025
1 John 3:2
24 iýun 2025
Numbers 10:33
23 iýun 2025
John 14:16-17
22 iýun 2025
Colossians 3:3
Dünýä dinleri
Karma we Hudaýyň merhemeti (krupa) Isa Mesih arkaly öwreniň. Mesihiň karmanyň zynjyrlaryny nädip döwüp…

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Dynç alyş
Isa ýadawlary günäniň ýükünden dynç tapmaga çagyrýar. Onuň ýeňil boýuntyrygyny alyň, ondan öwreniň we hakyky…

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Mukaddes Ýazgylar
Mukaddes Kitabyň ylahy ylhamyny we mutlak ygtyýaryny öwreniň. Garşylyklara garamazdan, onuň näme üçin häzirki…
Nika
Söýgi, şatlyk we parahatçylyk ýaly Mukaddes Ruhyň dokuz miwesiniň nikanyňyzy nädip berkitjekdigini öwreniň.
Maşgala
Maşgalaňyz üçin berk ruhy binýat gurmagy nädip öwrenmelidigini öwreniň. Bu gollanma Mesih merkezli öý üçin üç…