Biri-birimizi söýmäge we oňat işler etmäge höweslendirmek barada pikirleneliň.
Ýewreýler 10:24
Gündelik Ýagtylyk

Biri-birimizi söýmäge we oňat işler etmäge höweslendirmek barada pikirleneliň.
Ýewreýler 10:24
Dogry sözler güýçlüdir! Ýöne siziň boş sözleriňiz nämäni subut edýär?
Eýýup 6:25
Eý, söýgüli doganlar, indi size bu ikinji haty ýazýaryn. Bu iki hatymda-da sagdyn pikirli bolmalydygyňyzy ýatlatmak bilen düşünjäňizi oýarýaryn.
2 Petrus 3:1
Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.
Malaky 3:16
Ýene size şuny aýdýaryn: eger araňyzdan iki adam islendik zady dilemek üçin bir ylalaşyga gelse, gökdäki Atam dilegleri bitirer.
Matta 18:19
Hudaýymyz Reb: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi.
Gelip çykyş 2:18
Iki adam bir adamdan ýagşydyr, çünki zähmetleri üçin ýagşy muzd alýarlar. Eger biri ýykylsa, beýlekisi ýoldaşyny galdyrar. Emma ýykylanda ýeke bolanyň halyna waý! Ýykylsa ony galdyrjak ýokdur.
Wagyz 4:9-10
Şoňa görä-de, biri-birimizi ýazgarmalyň. Gaýtam, doganymyzyň büdräp, ýykylmagyna sebäp bolaýjak hereketlerden saklanmagyň pikirini edeliň.
Rimliler 14:13
Biri-biriňize hemaýatkär boluň. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny berjaý etdigiňiz bolar.
Galatýalylar 6:2
Şunlukda, eý, doganlar, eger kimdir biri günäniň toruna düşen bolsa, siz, ýagny Ruha görä ýaşaýanlar, ony ýumşaklyk bilen dogry ýola getiriň. Emma synaga düşmez ýaly, özüňize-de gözegçilik ediň.
Galatýalylar 6:1
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
11 iýul 2025
Jeremiah 15:20
10 iýul 2025
Matthew 10:24
9 iýul 2025
Zechariah 3:4
8 iýul 2025
1 John 1:9
7 iýul 2025
Matthew 4:1
6 iýul 2025
Colossians 4:6
5 iýul 2025
1 John 4:16