Oglum, ýüregiňi maňa bagla, gözleriňi meniň ýollaryma dik.
Süleýmanyň pähimleri 23:26
Gündelik Ýagtylyk

Oglum, ýüregiňi maňa bagla, gözleriňi meniň ýollaryma dik.
Süleýmanyň pähimleri 23:26
Käşgä olar diňe şu pikirde bolup, Menden gorkup, ähli buýruklarymy hemişe saklasadylar, onda olar we olaryň çagalary hemişe eşretde ýaşardylar!
Kanun taglymaty 5:29
Bu işde seniň ne paýyň, ne-de hakyň bar, sebäbi seniň ýüregiňe düwen niýetiň Hudaýyň nazarynda dogry däl.
Resul 8:21
Ynsan höweslerinden döreýän pikirler Hudaýa duşmandyr. Sebäbi olar Hudaýyň Kanunyna tabyn däldir, aslynda tabyn bolmagy başarýan hem däldir. Şonuň üçin-de, ynsan höweslerine görä ýaşaýanlar Hudaýyň göwnünden turup bilmez.
Rimliler 8:7-8
Bu eden tamamyzdan-da artyk boldy. Olar özlerini ilki Rebbe, soňra-da Hudaýyň islegine görä bize bagyş etdiler.
2 Korintoslylar 8:5
Hudaýyň öýüne hyzmat etmekde eden her işinde, kanuny we tabşyryklary saklamakda, Hizkiýa öz Hudaýyny bütin kalby bilen agtardy. Şonuň üçin-de, onuň edenleri rowaçlandy.
2 Ýyl ýazgylary 31:21
Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar.
Süleýmanyň pähimleri 4:23
Näme etseňiz, ynsanlar üçin däl-de, Reb üçin edýän ýaly, çyn ýürekden ýerine ýetiriň.
Kolosiýalylar 3:23
Muny diňe olaryň öňünde merhemet gazanmak üçin däl-de, eýsem Mesihiň guly hökmünde Hudaýyň yradasyny ak ýürekden ýerine ýetirmek üçin ediň. Adamlara däl-de, Rebbe hyzmat edýän kimin tüýs ýürekden hyzmat ediň.
Efesliler 6:6-7
I run in the path of your commandments, for you have set my heart free.
Psalms 119:32
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
9 iýul 2025
Zechariah 3:4
8 iýul 2025
1 John 1:9
7 iýul 2025
Matthew 4:1
6 iýul 2025
Colossians 4:6
5 iýul 2025
1 John 4:16
4 iýul 2025
John 13:23
3 iýul 2025
Romans 8:17

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…

Isa Mesih
Dawut patyşalyk güýjüni ele almak üçin uzak wagt garaşmaly boldy. Bu babatda ol Mesih üçin bir nusgadyr, Ol…

Şägirtlik
Bu makala, Hudaýyň "hakyky ynsan" bolmak baradaky düşünjesini, öz nesline kiçigöwünlilik bilen hyzmat etmäge…
Ruhy Ösüş
Hristian durmuşynyň ýaryşa nähili meňzeýändigini, düzgün-tertibi we çydamlylygy talap edýändigini öwreniň…
Erjellik
Isa pygambere ýüz tutup, günäni taşlap we çydamlylyk bilen ylgap, Mesih ýaryşyny kabul ediň. Ýoluňyzy…