Isa sirkeden dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi we başyny egip jan berdi.
Ýohanna 19:30
Gündelik Ýagtylyk
Isa sirkeden dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi we başyny egip jan berdi.
Ýohanna 19:30
Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.
Ýewreýler 12:2
Özüme tabşyran işiňi berjaý etmek bilen Men Seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym.
Ýohanna 17:4
Biz bu isleg boýunça, Isa Mesihiň bedeniniň ähli zat üçin bir gezekde gurban edilmegi arkaly mukaddes edildik. Her bir ruhany her gün aýak üstünde durup, dini borçlary ýerine ýetirýärdi we şol bir gurbanlyklary öwran-öwran hödürleýärdi. Emma bu gurbanlyklar hiç wagt günäleri ýuwmagy başarmaýar. Emma Mesih günäleri hemişelik ýuwýan ýeke-täk gurbanlygy hödürländen soň, Hudaýyň sagynda oturdy. Şondan bäri hem Ol duşmanlarynyň aýak astyna salynmagyna garaşýar. Sebäbi Ol mukaddes edýänlerini ýeke-täk gurbanlyk bilen hemişelik kämil etdi.
Ýewreýler 10:10-14
Ol bize garşy ýazylan bergidarlyk ýazgysyny öçürdi, ony haça çüýläp, aradan aýyrdy.
Kolosiýalylar 2:14
Men janymy gaýtadan almak üçin pida edýärin. Şol sebäpden Atam Meni söýýär. Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň janymy pida etmäge-de, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar. Men bu buýrugy Atamdan aldym».
Ýohanna 10:17-18
Kim janyny dostlary üçin pida etse, mundan beýik söýgi ýokdur.
Ýohanna 15:13
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
3 awg 2025
Luke 1:50
2 awg 2025
Revelation 13:8
1 awg 2025
Ephesians 2:8
31 iýul 2025
2 Timothy 2:3
30 iýul 2025
Colossians 3:1
29 iýul 2025
Isaiah 64:1
28 iýul 2025
Ephesians 5:2