6 awgust 2025 çarşenbe

Gündelik Ýagtylyk

6 awg 2025

Çünki atanyň eý görýän ogluna temmi berşi ýaly, Reb hem söýenini terbiýeleýändir.

Süleýmanyň pähimleri 3:12

Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.

Kanun taglymaty 32:39

Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir.

Ýermeýa 29:11

«Meniň pikirlerim siziň pikirleriňiz däl, siziň ýollaryňyz Meniň ýollarym däl». Muny Reb aýdýandyr.

Işaýa 55:8

«Şonuň üçin häzir ony ynandyryp, çöle alyp bararyn, onuň ýüregini awlaryn.

Hoşeýa 2:14

Siz şuny ýüregiňizde saklaň, edil ata öz ogluny terbiýeleýşi ýaly, Hudaýyňyz Reb hem sizi terbiýeleýändir.

Kanun taglymaty 8:5

Adam terbiýe alanda şatlanmaýar, gaýtam, agyry çekýär. Emma şeýle terbiýe alandan soňra, ol dogrulykda we parahatlykda ýaşaýandyr.

Ýewreýler 12:11

Hudaý sizi wagty gelende beýgelder ýaly, Onuň gudratly goly astynda özüňizi pes tutuň.

1 Petrus 5:6

Yahweh, I know that your judgments are righteous, that in faithfulness you have afflicted me.

Psalms 119:75

Emeli intellekt bilen terjime edilen, Mukaddes Kitap sitatalary hem şol sanda — islendik salgylamany açyp, Mukaddes Kitap terjimesinde okaň.

Eliňizdäki Mukaddes Kitap her bir adam üçin iň wajyp kitapdyr! Bu kitap arkaly adamzat öz Ýaradyjysy Hudaýy tanap, Onuň biz üçin niýetlän ajaýyp maksadyny öwrener we iman edip, baky ýaşaýşa eýe bolar.

Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).

Soňky günler