„Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz beýikligiňi we gudratyňy guluňa ýaňy görkezip başladyň. Ýerde we gökde haýsy hudaý Seniňki ýaly işleri we gudratlary amala aşyryp biler!
Kanun taglymaty 3:24
Gündelik Ýagtylyk
„Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz beýikligiňi we gudratyňy guluňa ýaňy görkezip başladyň. Ýerde we gökde haýsy hudaý Seniňki ýaly işleri we gudratlary amala aşyryp biler!
Kanun taglymaty 3:24
Olary syryp äkidýärsiň, olar düýş ýaly, olar säher çagy bitýän ot ýaly; ol ir säherde ösüp, gülleýär, agşamyna bolsa orlup, guraýar.
Zebur 89:6
Sen günälerimizi goýduň öňüňde, gizlin günälerimizi – Öz gözleriňiň alnynda.
Zebur 89:8
There is no one like you among the gods, Lord, nor any deeds like your deeds.
Psalms 86:8
Öz sözüňiň hatyrasyna, Öz göwün islegiňe görä bu beýik işi edip, guluňa bildirdiň. Eý, Hökmürowan Reb, Sen beýiksiň! Saňa taý geljek ýokdur, Senden başga Hudaý ýok! Muny öz gulaklarymyz bilen eşitdik.
2 Şamuwel 7:21-22
Emma Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Hudaýy söýýänler üçin Onuň taýynlan zatlaryny ne göz görüpdi, ne-de gulak eşidipdi, ne-de ynsan akyly çaklapdy». Bize bolsa Hudaý bu danalygy Öz Ruhy arkaly aýan etdi. Çünki Mukaddes Ruh ähli zady, hatda Hudaýyň çuň pikirlerine düşünýändir.
1 Korintoslylar 2:9-10
Gizlin syrlar Hudaýymyz Rebbe degişlidir. Emma bu Kanunyň ähli sözlerini ýerine ýetirmek üçin aýan edilen zatlar ebedilik bize we biziň çagalarymyza degişlidir.
Kanun taglymaty 29:29
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
17 awg 2025
James 5:16
16 awg 2025
1 Chronicles 22:5
15 awg 2025
Hebrews 13:20-21
14 awg 2025
Nehemiah 8:10
13 awg 2025
Hebrews 11:16
12 awg 2025
Lamentations 3:31-32
11 awg 2025
Hebrews 2:14