Emma olar has gowusyny, ýagny gökdäki watany arzuw edýärdiler. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Hudaý hatda olar üçin bir şäher taýynlady.
Ýewreýler 11:16
Gündelik Ýagtylyk
Emma olar has gowusyny, ýagny gökdäki watany arzuw edýärdiler. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Hudaý hatda olar üçin bir şäher taýynlady.
Ýewreýler 11:16
Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz.
Ýohanna 14:3
Şeýle hem size gökde saklanýan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz miras berdi.
1 Petrus 1:4
çünki biziň bu ýerde baky şäherimiz ýokdur, biz geljekki baky şähere garaşýarys.
Ýewreýler 13:14
«Eý, jelileliler! Näme üçin göge seredip dursuňyz? Isanyň göge göterilenini gözüňiz bilen gördüňiz ahyry. Ol göge nähili göterilen bolsa, hut şonuň ýaly hem gaýdyp geler» diýdiler.
Resul 1:11
Eý, doganlar, Reb gelýänçä, sabyr-takatly boluň! Serediň, daýhan güýzki hem ýazky ýagşa nähili sabyrly garaşýar. Ol topragyň bol hasyl bererine garaşýar. Siz hem sabyr-takatly boluň! Mert boluň, sebäbi Rebbiň geljek güni golaýlady.
Ýakup 5:7-8
Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ýene az salymdan şol Geljek hökman geler, eglenmez.
Ýewreýler 10:37
Soňra bolsa biz, ýagny diriler, olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris we elmydama Reb bilen bolarys. Şoňa görä-de, şu sözler bilen birek-biregi ruhlandyryň.
1 Salonikliler 4:17-18
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
12 awg 2025
Lamentations 3:31-32
11 awg 2025
Hebrews 2:14
10 awg 2025
John 17:15
9 awg 2025
Song of Solomon 4:7
8 awg 2025
Proverbs 4:18
7 awg 2025
John 14:26
6 awg 2025
Proverbs 3:12