Özüňizi çagyran Hudaýyň mukaddes bolşy ýaly, siz hem ähli edýän işleriňizde mukaddes boluň.
1 Petrus 1:15
Gündelik Ýagtylyk
Özüňizi çagyran Hudaýyň mukaddes bolşy ýaly, siz hem ähli edýän işleriňizde mukaddes boluň.
1 Petrus 1:15
11-Biz sizi Öz Şalygyna, şöhratyna çagyrýan Hudaýa mynasyp ýaşamagyňyzy tabşyrdyk. Biz siziň her biriňize atanyň öz perzendine garaýşy kimin garap, sizi ruhlandyrdyk, göwünlik berdik. Bularyň baryny özüňiz-de bilýänsiňiz.
1 Salonikliler 2:11-12
Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.
1 Petrus 2:9
Ýadyňyzdamy, birwagtlar siz garaňkylykdyňyz, ýöne indi Reb arkaly nursuňyz. Şonuň üçin nuruň çagalary bolup ýaşaň. Dogrudanam, ähli ýagşylyk, dogrulyk we hakykat nuruň miwesidir. Rebbi hoşnut etjek zady bilmäge çalşyň. Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň.
Efesliler 5:8-11
Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.
Filipililer 1:11
Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.
Matta 5:16
Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.
1 Korintoslylar 10:31
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
18 awg 2025
Deuteronomy 3:24
17 awg 2025
James 5:16
16 awg 2025
1 Chronicles 22:5
15 awg 2025
Hebrews 13:20-21
14 awg 2025
Nehemiah 8:10
13 awg 2025
Hebrews 11:16
12 awg 2025
Lamentations 3:31-32