Adamyň ähli ýoly öz gözüne dogrudyr, emma ýürekdäkini ölçeýän Rebdir.
Süleýmanyň pähimleri 21:2
Gündelik Ýagtylyk
Adamyň ähli ýoly öz gözüne dogrudyr, emma ýürekdäkini ölçeýän Rebdir.
Süleýmanyň pähimleri 21:2
Çünki Reb dogrularyň ýoluny gözden salmaýar, erbetleriň ýoly bolsa heläkçilige uçradýar.
Zebur 1:6
Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder.
Çölde 16:5
Şunlukda, berýän sadakaňyz gizlin bolsun. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.
Matta 6:4
Search me, God, and know my heart. Try me, and know my thoughts. See if there is any wicked way in me, and lead me in the everlasting way.
Psalms 139:23-24
Söýgüde gorky ýokdur. Tersine, kämil söýgi gorkyny kowup çykarýandyr. Kim kyýamat gününden gorkup ýaşaýan bolsa, onuň söýgüsi kämil däldir.
1 Ýohanna 4:18
Ähli ýazyklarymdan meni halas et, meni akmaklara masgara etme.
Zebur 38:9
Duşmanlar aňtaýar meniň janymy, ýer bilen ýegsan etdiler ýaşaýşymy, gadymyýetde ölenler kimin, olar tümlükde oturtdy meni.
Zebur 142:3
Ynsan ýüreginiň jümmüşini bilýän Hudaý Mukaddes Ruhuň pikirlerine düşünýändir. Sebäbi Mukaddes Ruh Hudaýyň islegine görä Onuň halky üçin ýalbarýandyr.
Rimliler 8:27
Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.
2 Timoteos 2:19
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
15 sen 2025
Romans 6:14-15
14 sen 2025
Isaiah 51:12
13 sen 2025
John 7:37
12 sen 2025
Isaiah 57:18
11 sen 2025
Romans 12:2
10 sen 2025
Jeremiah 32:9
9 sen 2025
Luke 1:53