Onsoň men Anatotdaky ekin meýdanyny daýymyň ogly Hanamelden satyn aldym. Ekin meýdany üçin oňa otuz bäş mysgal kümüş çekip berdim.
Ýermeýa 32:9
Gündelik Ýagtylyk
Onsoň men Anatotdaky ekin meýdanyny daýymyň ogly Hanamelden satyn aldym. Ekin meýdany üçin oňa otuz bäş mysgal kümüş çekip berdim.
Ýermeýa 32:9
Size täze ýürek bererin, içiňize täze ruh salaryn. Daşdan bolan ýüregi göwräňizden çykaryp, size etden bolan ýürek bererin.
Ezekiýel 36:26
Ýa Reb, söýýärin mesgen tutan öýüňi – Seniň şöhratyňyň mesgen tutan ýaşalgasyny. Günäkärleriňki bilen bile alma meniň janymy, ganhorlaryňky bilen bile – ýaşaýyşymy. Olaryň elinde haýynlyk bardyr; gollary para-peşgeşden doludyr.
Zebur 25:8-10
Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniň-de Sende bolşum ýaly, olar hem Bizde bolsunlar. Şeýlelikde, Meni Seniň iberendigiňe dünýä iman etsin.
Ýohanna 17:21
Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin. Iňňän pes göwünli hem ýumşak boluň. Sabyr-takatly bolup, mähir-muhabbet bilen biri-biriňize çydaň. Özara parahatlykda ýaşap, Mukaddes Ruhuň birligini goramaga dyrjaşyň. Siz bir Bedene, bir Ruha şärik bolýarsyňyz; Hudaý hemmäňizi bir umyda çagyrandyr. Rebbiňiz-de, imanyňyz-da birdir, siziň hemmäňiz bir maksat bilen çümdürilensiňiz. Ähli zatdan üstün, ähli zat arkaly we ähli zatda bolan Atamyz Hudaý-da birdir.
Efesliler 4:1-6
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
9 sen 2025
Luke 1:53
8 sen 2025
Daniel 5:27
7 sen 2025
Romans 12:12
6 sen 2025
Lamentations 3:41
5 sen 2025
1 Corinthians 12:12
4 sen 2025
Ruth 3:18
3 sen 2025
Exodus 13:7