Açlary näz-nygmatdan doýrup, baýlary bolsa boş gaýtardy.
Luka 1:53
Gündelik Ýagtylyk
Açlary näz-nygmatdan doýrup, baýlary bolsa boş gaýtardy.
Luka 1:53
Sen: ‘Men baýdyryn, baýap, zada zar däldirin’ diýýärsiň. Aslynda welin nalajedeýin, betbagt, gedaý, kör we ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň! Gel, Men saňa maslahat bereýin: baýar ýaly, Menden otda arassalanan altyny satyn al; ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly, Menden ak egin-eşik satyn al; görüp biler ýaly, Menden gözüňe melhem satyn al. Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!
Aýanlyk 3:17-19
Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.
Matta 5:6
Garyplar, mätäçler suw agtarýarlar, ýöne suw ýok; teşnelikden kepeýär agyzlary, Men – Reb olara jogap bererin, Ysraýyl Hudaýy Men olary terk etmerin.
Işaýa 41:17
I am Yahweh, your God, who brought you up out of the land of Egypt. Open your mouth wide, and I will fill it.
Psalms 81:10
Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.
Işaýa 55:2
Isa olara şeýle diýdi: «Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla ajykmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz.
Ýohanna 6:35
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
8 sen 2025
Daniel 5:27
7 sen 2025
Romans 12:12
6 sen 2025
Lamentations 3:41
5 sen 2025
1 Corinthians 12:12
4 sen 2025
Ruth 3:18
3 sen 2025
Exodus 13:7
2 sen 2025
Psalms 27:14