Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».
Ýewreýler 13:6
Gündelik Ýagtylyk
Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».
Ýewreýler 13:6
Biz görgüdir muşakgatlary çekýäris, yzarlanmalara, açlyga, mätäçlige duçar bolýarys, howp-hatara we ölüm howpuna sezewar edilýäris. Eýsem bularyň bary bizi Isa Mesihiň söýgüsinden aýryp bilermi? Elbetde, ýok! Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:
Rimliler 8:35
Ýöne biz özümizi Söýýän arkaly bu kynçylyklaryň baryny ýeňýäris.
Rimliler 8:37
Eý, dostlarym, Men size şuny aýdaýyn: bedeni öldürýän, emma ondan soňra hiç zat edip bilmeýänlerden gorkmaň. Men size kimden gorkmalydygyňyzy aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň.
Luka 12:4-5
Dogrulyk üçin yzarlanýanlar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr. Men sebäpli adamlaryň size sögen, yzarlan, nähak ýere her hili gybatyňyzy eden mahaly bagtlysyňyz! Şatlanyň, begeniň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň pygamberler-de şeýdip yzarlandylar.
Matta 5:10-12
Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.
Resul 20:24
I will also speak of your statutes before kings, and will not be disappointed.
Psalms 119:46
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
7 okt 2025
Psalms 25:9
6 okt 2025
Revelation 19:6
5 okt 2025
Psalms 50:15
4 okt 2025
Exodus 34:29
3 okt 2025
Revelation 1:5
2 okt 2025
Leviticus 16:22
1 okt 2025
Galatians 5:22-23