1 noýabr 2025 şenbe

Gündelik Ýagtylyk

1 noý 2025

Her gün derwezämi garawullap, gapymy gorap, meni diňleýän adam bagtlydyr!

Süleýmanyň pähimleri 8:34

Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, adamlar bize garşy aýaga galanlarynda,

Zebur 123:2

Huzurymdaky Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde bu adaty ýakma gurbanlygyny nesilme-nesil ýerine ýetir. Siziň bilen gepleşmek üçin, ol ýerde Men siziň bilen duşuşaryn.

Müsürden çykyş 29:42

Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin.

Müsürden çykyş 20:24

Meniň adym bilen iki ýa-da üç adam üýşse, Men hem olaryň arasynda bolaryn».

Matta 18:20

Emma şeýle bir wagt geler, hakyky sežde edýänler Ata ruhda we hakykatda sežde ederler. Ol wagt eýýäm geldi! Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar. Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda we hakykatda sežde etmelidirler».

Ýohanna 4:23-24

Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.

Efesliler 6:18

Dyngysyz doga-dileg ediň.

1 Salonikliler 5:17

Emeli intellekt bilen terjime edilen, Mukaddes Kitap sitatalary hem şol sanda — islendik salgylamany açyp, Mukaddes Kitap terjimesinde okaň.

Eliňizdäki Mukaddes Kitap her bir adam üçin iň wajyp kitapdyr! Bu kitap arkaly adamzat öz Ýaradyjysy Hudaýy tanap, Onuň biz üçin niýetlän ajaýyp maksadyny öwrener we iman edip, baky ýaşaýşa eýe bolar.

Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).

Soňky günler