«Ine, şu iň gowy hoşboý ysly zatlary al: ýarym put mukdarda suwuk mür, çärýek put mukdarda ýakymly ysly dalçyn we ýene-de çärýek put mukdarda hoşboý ysly gamyş,
Müsürden çykyş 30:23
Gündelik Ýagtylyk
«Ine, şu iň gowy hoşboý ysly zatlary al: ýarym put mukdarda suwuk mür, çärýek put mukdarda ýakymly ysly dalçyn we ýene-de çärýek put mukdarda hoşboý ysly gamyş,
Müsürden çykyş 30:23
Ussatlyk bilen garyp, bulardan mesh ýagyny ýasa. Bu mukaddes mesh ýagydyr.
Müsürden çykyş 30:25
Bu mesh ýagyny adaty bedeniňize guýmak üçin ulanmaly däldir, başga her hili zatlar bilen garyşdyrmaly däldir. Bu mukaddesdir we siziň üçin hem mukaddes bolmalydyr.
Müsürden çykyş 30:32
Siz bir Bedene, bir Ruha şärik bolýarsyňyz; Hudaý hemmäňizi bir umyda çagyrandyr.
Efesliler 4:4
Mukaddes Ruhuň berýän peşgeşleri dürlüdir, ýöne olaryň bary şol bir Ruhdandyr.
1 Korintoslylar 12:4
Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.
Zebur 45:7
Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.
Resul 10:38
Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär.
Ýohanna 3:34
Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.
Ýohanna 1:16
Emma Mesihiň size beren Mukaddes Ruhy özüňizde galýandyr, size öwretmegiň geregi ýok. Mukaddes Ruhuň size öwredýän her bir zady ýalan däl-de, hakykatdyr. Onuň size öwredişi ýaly, Mesih bilen ýaşamalysyňyz.
1 Ýohanna 2:27
Hudaý bizi siz bilen birlikde Isa Mesihe baglap, imanda berk durmagymyza ýardam berýär. Ol bizi seçip-saýlady-da, möhürläp, bularyň kepili hökmünde ýüregimize Mukaddes Ruhuny berdi.
2 Korintoslylar 1:21-22
Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk, özüňe erk edip bilmeklik. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur.
Galatýalylar 5:22-23
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
4 noý 2025
1 Peter 1:6
3 noý 2025
Hosea 14:9
2 noý 2025
1 Thessalonians 5:15
1 noý 2025
Proverbs 8:34
31 okt 2025
Zechariah 4:6
30 okt 2025
Lamentations 3:26
29 okt 2025
Song of Solomon 5:16