Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».
Hoşeýa 14:9
Gündelik Ýagtylyk
Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».
Hoşeýa 14:9
Hawa, iman eden siziň üçin bu daş gymmatlydyr. Emma iman etmedikler üçin, «Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy». Şeýle hem bu «büdreme daşy, ýykýan gaýa». Olar öňden bellenişi ýaly, bu söze tabyn bolmansoňlar büdreýärler.
1 Petrus 2:7-8
Rebbiň ýoly dogrulara penadyr, şerlere bolsa gorky-beladyr.
Süleýmanyň pähimleri 10:29
Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!
Matta 11:15
Whoever is wise will pay attention to these things. They will consider the loving kindnesses of Yahweh.
Psalms 107:43
Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sagdyn bolsa, tutuş bedeniň hem ýagty bolar.
Matta 6:22
Hudaýyň yradasyny berjaý etmek isleýän adam Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyna ýa-da Özümdendigine göz ýetirer.
Ýohanna 7:17
Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.
Matta 13:12
Kim Hudaýa degişli bolsa, Hudaýyň sözlerini diňleýändir. Siz diňlemeýärsiňiz, sebäbi siz Hudaýa degişli dälsiňiz».
Ýohanna 8:47
Emma siz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, Maňa gelmek islemeýärsiňiz.
Ýohanna 5:40
Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.
Ýohanna 10:27
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
2 noý 2025
1 Thessalonians 5:15
1 noý 2025
Proverbs 8:34
31 okt 2025
Zechariah 4:6
30 okt 2025
Lamentations 3:26
29 okt 2025
Song of Solomon 5:16
28 okt 2025
Isaiah 59:16
27 okt 2025
Matthew 8:17